2018-nji ýyl­da No­be­liň Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lan De­ni Muk­we­ge Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­syn­da ge­çi­ril­jek pre­zi­dent saý­law­la­ryn­da da­laş­gär­li­gi­ni mä­lim et­di. 20-nji de­kabr­da ge­çi­ril­jek saý­la­wa gat­naş­jak Muk­we­ge paý­tagt Kin­şa­sa­da met­bu­gat ýyg­na­gy­ny ge­çir­di. Muk­we­ge saý­law­da ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Fe­liks Çi­se­ke­di hem-de 2018-nji ýyl­da hem da­laş­gär bo­lan Mar­tin Fa­ýu­lu bi­len bäs­deş­lik et­me­li bo­lar.
Muk­we­ge 2018-nji ýy­la ýe­zi­di mil­le­ti­niň we­ki­li Na­di­ýa Mu­rad bi­len bi­le­lik­de No­be­liň Pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dy. Ol öz ýur­dun­da ze­nan­la­ryň hu­kuk­la­ry üçin ta­gal­la ed­ýär.