Barlag geçiriji amerikan alymlaryna gök çaýyň birgiden peýdaly häsiýetlerini ýüze çykarmak başardyp, olaryň hatarynda, ýadyňy gowulandyrýandygy we artykmaç agramdan dynmaga ýardam berýändigi bellenip geçilýär. Bu içimlik ýaglary köýdürýänligi üçin dünýäniň dürli berhizlerine hem goşulandyr. Eksperimental biologiýa boýunça amerikan jemgyýetiniň hünärmenleriniň barlaglaryna laýyklykda, gök çaýyň düzümindäki epigallokatehin – 3-gallat bedeniň ýag we şeker bilen göreşmegine ýardam berip, beýniniň kognitiw (akyl ýetiriş) bozulmalarynyň öňüni alýar.
Alymlar öz synaglaryny syçanlarda geçirdiler. Olar gemrijileri 2 topara böldüler. Olaryň birinji toparynynyň iýmitine epigallokatehin-3-gallat goşupdyrlar, beýleki bir toparyna bolsa, goşmandyrlar. Alymlaryň 16 hepdeläp eden gözegçiliklerinden soňra, epigallokatehin-3-gallat alan gemrijileriň agramy beýleki gözegçilik edilýän gemrijilere garanyňda, ýeňil bolup çykypdyr. Şeýle hem olar beýni bozulmalaryna juda çydamly bolup çykypdyrlar. Hünärmenler alnan maglumatlar esasynda, dürli ýaşdaky adamlara öz iýmit sanawyna gök çaý goşmagy teklip edýärler. Bu içimligiň her günde ulanylmagy bolsa, özüňi bitap duýmakdan halas edip, energiýa bilen gujurlandyrýar. Şol birwagtyň özünde ony köp mukdarda ulanmak hem maslahat berilmeýär.