Balaryçylyk oba hojalygynda üns berilýän ugurlaryň biri bolup, gözbaşyny has irki ýyllardan alyp gaýdýar. Bal adam saglygy üçin peýdaly iýmitleriň biri hasaplanýar. Gadymy döwürlerden bäri dürli keselleri bejermekde bu iýmitden peýdalanylyp gelinýär. Esasan hem, sowuklamanyň we dümewiň öňüni almakda balyň ähmiýeti örän uludyr. Eýsem, bu süýji iýmitiň saklanyş möhleti näçe?
Balyň ýaramlylyk möhleti çäklendirilmedik. Balarylaryň taýýarlan süýjüsini müňlerçe ýyllap saklap bolýar. Soňky ýyllarda Müsürde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde müňlerçe ýyl bäri saklanyp galan golçalar tapyldy. Bu arheologik açyşyň iň geň tarapy golçalaryň içinde balyň bolmagydyr. Şeýle hem tapylan ballaryň bilermenler tarapyndan iýmek üçin ýaramly diýip tassyklanmagydyr. Görnüşi ýaly, bal müňlerçe ýyl, hatda müdimilik zaýalanman saklanmagy mümkin bolan iýmitdir.
Näme üçin zaýalanmaýar?
Balyň uzak saklanmagynyň syry düzüminde suwuň az bolmagydyr. Ýagny baldaky çyglylyk pes. Arylar güllere gonup, şire ýygnaýan wagty ganatlary bilen nektara çalt-çaltdan urýarlar. Bu ýagdaý güldäki damjalaryň daş-töwerege serpikmegine getirip, arylaryň arassa şire ýygnamagyna mümkinçilik berýär. Bilşimiz ýaly, iýmiti zaýalanmazdan saklamagyň usullarynyň biri-de, gurak ýagdaýda saklamakdyr. Balda suwuň işjeňliginiň pes bolmagy mikroorganizmleriň ýaşamagyna ýol bermeýär. Şeýlelik bilen balyň içinde bakteriýalar ösüp bilmeýär. Şol sebäpli bal zaýalanmaýar.
Nähili saklamaly?
Bally gabyň agzyny agyzýapy bilen örtmek üns berilmeli şertleriň biridir. Çünki bally gabyň agzy näçe berk ýapylsa, çyglylyk oňa täsir edip bilmez. Gapak ýapylsa ýa-da bu iýmite suw goşulmasa, bal hiç wagt zaýalanmaýar. Şeýle hem arylaryň süýji iýmitini saklamak üçin sowadyjy zerur däl. Ony adaty otag şertinde saklap bolýar.
Nädip öndürilýär?
Arylaryň güllere gonup, ýygnaýan süýji iýmitine bal diýilýär. Balarylaryň bedeninde gülleriň nektaryny bala öwürmäge mümkinçilik berýän ferment bar. Işeňňir uçujylar birnäçe kilometr ýol geçip güllerden toplan nektaryny öýjükli gözeneklere daşaýarlar. Gözenekler gül şiresinden dolansoň, daşyny mum bilen gaplaýarlar. Birnäçe hepdeden soň bal öýjüklerden süzülip, iýmitlik hökmünde taýýar bolýar. Balyň düzüminde wodorod peroksidi atly madda saklanýar. Bu madda antiseptik häsiýete eýe bolup, bakteriýalary baldan uzaklaşdyrýar.
Gyzykly maglumatlar:
Bal mör-möjekler tarapyndan ýasalýan, iýilýän ýeke-täk iýmitdir.
Balarylar ýarym kilogram bal öndürmek üçin 2 million güle gonup, 90 kilometr töweregi ýol geçmeli bolýarlar.
Balyň bakteriýalara garşy antiseptiki täsiri bar.
Arylar tans etmek we dürli şekilleri ýasamak arkaly biri-biri bilen habarlaşýarlar.
Balarylaryň ys alyjylygy güýçli bolup, 170 dürli ysy saýgaryp bilýär.
Bal ýygnaýan işçi ary bary-ýogy 5-6 hepde ýaşaýar. Bu döwürde bu uçujy bir çaý çemçesi ýaly bal öndürýär.