Adam ha­kyn­da­ky ala­da Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­tyn­da he­mi­şe ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň bi­ri bol­ma­gyn­da gal­ýar hem-de jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan ada­myň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da, ila­tyň sag­lyk ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak­da, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da we ola­ry ýok et­mek­de, sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dür­mek­de uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­me­nis­ta­ny 2022–2052-nji ýyl­lar­da ös­dür­mek bo­ýun­ça Mil­li mak­sat­na­ma­da döw­le­ti­mi­ziň öňe sür­ýän esa­sy we­zi­pe­le­ri öz be­ýa­ny­ny tap­mak bi­len, oňa la­ýyk­lyk­da, giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Ýur­du­my­zy ös­dür­mek­de ýe­ti­len sep­git­le­riň äh­li­si Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň be­ýik iş­le­ri bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry­ny ne­ti­je­li do­wam et­dir­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ber­ka­rar döw­le­ti­miz ok­gun­ly öňe bar­ýar, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li pu­dak­la­ryn­da, şol san­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hem düýp­li öňe­gi­diş­lik­ler ga­za­nyl­ýar. Ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek, ke­se­li öz wag­tyn­da ýü­ze çy­kar­mak we be­jer­mek, ila­ty ze­rur bo­lan der­man we beý­le­ki sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly se­riş­de­le­ri bi­len do­ly de­re­je­de üp­jün et­mek, sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry üçin ýö­ri­te bi­lim­li, öz kä­ri­ne us­sat hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ar­ka­ly ra­ýat­la­ry­my­zyň sag­dyn bol­ma­gy­ny ga­zan­mak we ola­ryň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny uzalt­mak sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň esa­sy mak­sa­dy bo­lup dur­ýar. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. 10-njy okt­ýabr­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ründe» at­ly hal­ka­ra ser­gi­ni we yl­my mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Her ýyl sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp ge­çi­ril­ýän bu fo­ru­ma gat­naş­ýan ýurt­la­ryň sa­ny ýylsaýyn art­ýar. Fo­rum in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga esas­la­nyp, mil­li luk­man­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek­de tä­ze pi­kir­le­ri, çe­me­leş­me­le­ri tek­lip ed­ýär. Hal­ka­ra ser­gi­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ösüş dep­gi­ni, luk­man­çy­lyk yl­myn­da we se­na­ga­tyn­da, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ýe­ti­len sep­git­ler, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň bu ul­gam­da­ky iş­jeň gat­na­şyk­la­ra bar­ha art­ýan gy­zyk­lan­ma­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. 22-nji sent­ýabr­da san­ly ul­gam arka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty, Bi­lim mi­nistr­lik­le­ri­niň hem-de Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «Gün­do­ga­ryň meş­hur akyl­da­ry we luk­ma­ny Abu Aly ibn Si­na­nyň umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li mi­ra­sy» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler. Türk­me­nis­ta­nyň Sag­lygy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ga­bat­la­nyp, 11-nji okt­ýabr­da gu­ral­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän ut­gaşyk­ly gör­nüş­dä­ki fo­ru­ma ýur­du­my­zyň hü­när­men­le­ri bi­len bir­lik­de, da­şa­ry ýurt­la­ryň bir­nä­çe­sin­den alym­la­ryň, pro­fessor­la­ryň we mu­gal­lym­la­ryň gat­naş­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Bu mas­la­ha­tyň hal­ka­ra yl­my hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­makda, Abu Aly ibn Si­na­nyň köp­ta­rap­ly mi­ra­sy­ny, bi­ti­ren hyz­mat­la­ry­ny açyp gör­kez­mek ba­bat­da äh­mi­ýe­ti örän uly bo­lar.
Adam üçin ta­pyl­gy­syz baý­lyk bo­lan sag­ly­gy go­ra­mak bu gün­ki gün eli şy­pa­ly luk­man­la­ry­my­zyň pa­ýy­na düş­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, ila­tyň sag­ly­gy­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak we aba­dan­çy­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, ada­m öm­rü­niň do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri üp­jün et­mek, kä­mil hem-de ýo­ka­ry ne­ti­je­li sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­ny dö­ret­mek, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak sag­ly­gy go­raý­şyň baş ug­ry bo­lup dur­ýar. Hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si bol­sa, il­kin­ji no­bat­da, sag­ly­gy­nyň go­ra­ly­şy we ber­ki­di­li­şi, ýurt­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ýaý­baň­lan­dy­ry­ly­şy bi­len kes­git­le­nil­ýär.
Ýur­du­my­zyň ba­ky ber­ka­rar­ly­gy, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar ýa­şaý­şy, tu­tuş adam­za­dyň aba­dan dur­mu­şy ug­run­da alyp bar­ýan bi­möç­ber iş­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly
Ser­da­ry­my­zyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, il-ýurt bäh­bit­li be­ýik tu­tum­la­ry he­mi­şe üs­tün­lik­le­re we ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Ma­ýa Dur­dy­ýe­wa,
My­rat Gar­ry­ýew adyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let luk­man­çy­lyk uni­wer­si­te­ti­niň iý­mit gi­gi­ýe­na­sy ka­fed­ra­sy­nyň mü­di­ri.