Daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen soňky ýyllarda arassa energiýa çeşmelerinden has köp peýdalanylmagy üçin iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu ugurda, esasan, elektroulaglaryň ýaýbaňlandyrylmagyna üns berilýär. Emma elektroulaglara zarýad beriş beketleriň azlygy, bu ulaglaryň bir gezekki zarýady bilen geçip bilýän ýolunyň adaty ýangyçly ulaglardan pes bolmagy esasy meseleleriň biri bolup durýar. Germaniýada adamlaryň elektroulag satyn almagyny höweslendirmek maksady bilen az ilatly ýerlere zarýad beketlerini gurmak üçin 1,8 milliard dollar maýa goýum goýberiler. Onuň çäklerinde şäherden uzakda ýaşaýanlar üçin ýurduň 900 sebitinde jemi 8 müňden gowrak zarýad bekedi gurlar.
Muhammetaly AKMÄMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.