Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarowyň çakylygy boýunça şu ýylyň 12-nji oktýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Gyrgyzystana resmi saparyny amala aşyrar. Bu barada Prezidentiň diwanynyň daşary syýasat bölüminiň başlygy Muratbek Azymbakiýew aýtdy diýip, Gyrgyzystanyň metbugat gullugy habar berýär.

Azymbakyýewiň sözlerine görä, ýakyn wagtda boljak saparyň çäklerinde Gyrgyzystanyň we Russiýanyň Prezidentleriniň arasynda gepleşikler geçiriler.

-Iki ýurduň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn Gün tertibindäki häzirki meseleleri, şeýle hem özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar – diýip, Muratbek Azymbekow belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanlarynyň Kant şäherinde Kollektiwleýin howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň howa bazasynyň açylmagynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmagy meýilleşdirilýär.