2023-nji ýylyň edebiýat boýunça Nobel baýragy norwegiýaly ýazyjy Ýun Fosse “beýan etmesi ýeňil bolmadyk pýesalary we prozalary üçin” berildi. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berildi.
Ýun Fosse öz döredijiliginde dürli-dürli žanrlara ýüzlenýär. Ýazyjy köp sanly pýesalary, romanlary, goşgylar ýygyndysyny, esseleri, çagalar üçin kitaplary we terjimeleri bilen tanalýar. Şu günki günde ol dünýäniň iň meşhur dramaturglaryndan biri bolup, häzirki zaman teatrynda esasy täzelikçileriň biri bolup durýar. Ýazyjy öz eserlerinde iň ýönekeý terminologiýalary ussatlarça ulanyp, adamda iň güýçli duýgulary ýüze çykarýandygy bilen tapawutlanýandygy bellendi. Onuň eserlerinde haýsydyr bir mähir we wäşilik, şeýle hem sadadan gowşaklyk hem-de “adam tejribesiniň gödeňsi şekilleri” göze ilýär” diýlip, baýragyň metbugat üçin beýanatynda habar berilýär.
6-njy oktýabrda Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi yglan ediler. 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Döwlet banky tarapyndan Alfred Nobeliň hormatyna döredilen ykdysadyýet boýunça baýragyň eýesi 9-njy oktýabrda yglan ediler. Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy Nobeliň aradan çykan güni, 10-njy dekabrda gowşurylar. Her ugurdaky pul baýragynyň mukdary 11 million krona (takmynan, 1 million dollar) deň bolar.