Ýer ýüzünde duş gelýän täsin ösümlikleriň arasynda pepinony (latynça, “Solanum muricatum”) agzaman geçmek mümkin däl. Pepino beýleki käbir ylmy çeşmelerde “gawun armydy” ýa-da “süýji hyýar” atlary bilen hem tanalýar. Bu täsin ösümligiň owadan, üýtgeşik miweleri görenleri haýrana galdyrýar.
Itüzümler maşgalasyna degişli bolan bu ösümlik mydama ýaşyl öwüsýän gyrymsy agaçdyr. Köpýyllyk ýabany ösümlik bolan pepinonyň şahalanýan baldagynyň boýy 1,5 metre çenli ýetýär. Gülleri ýeralmanyň gülüne, baldaklary we ýapraklary burçuňka meňzeşdir. Pepinonyň miweleriniň ysy gawunyň, hyýaryň we az-kem kädiniň çalym edýär. Miweleri köplenç açyk ýaşyl we limon sary reňkli bolup, daşky gabygynda melewşe reňkli çyzyjaklar geçendir. Pepinonyň miwesi örän ter ýagny kibirdewik bolup, onuň düzüminde takmynan 90-92 % suw saklanýar. Pepinonyň miwesiniň düzüminde şekeriň hem-de C witamininiň köp mukdarynyň saklanýandygy sebäpli tagamy turşumtyk süýji bolup, gawunyň we tropiki miweleriň tagamyny ýada salýar. Miweleriniň agramy 180-400 gram aralygynda bolup, daşky görnüşi gawuna hem armyda meňzeýär. Edil gawunda bolşy ýaly, çigidi miwäniň ortasynda ýerleşýär.
Pepinonyň watany Günorta Amerika hasaplanylýar. Häzirki wagtda bu ösümlik medeni görnüşde Çilide, Peruda, Täze Zelandiýada we beýleki käbir döwletlerde ösdürilip ýetişdirilýär. Pepino köplenç deňiz derejesinden 200-1600 metr belentlikde ekilýär. Bu ösümligiň urugdaşlary gök we bakja ekinlerine degişli bolsa-da, özi botaniki aýratynlyklary esasynda gyrymsy agaç miwelerine degişli hasaplanýar. Häzirki wagtda dünýäde pepinonyň 25-e golaý sorty ekilýär. Pepine ösdürilip ýetişdirilýän ýerlerinde köplenç ýyladyşhanalarda ýörite gutularda oturdylýar. Bu ösümligiň miwesi konserwirlenen, kakadylan görnüşde hem-de terligine iýilýär.
Şamuhammet GAÝYPOW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.