Dünýä futbolynyň super ýyldyzlaryndan, braziliýaly oýunçy, Saud Arabystanynyň “Al Hilal” toparynyň hüjümçisi Neýmar Junior bilen onuň söýgülisi Bruna Býankardiniň gyzy dünýä indi. Bu barada futbolçynyň özi sosial tory arkaly habar berdi. Ol: – Bizim durmuşymyzyň üstüni ýetirmek üçin biziň Mawimiz dünýä indi. Biz seni eýýämden söýýäris. Hoş geldiň, gyzym! – diýip, gyzynyň bolandygyny mälim etdi.
Bu Neýmaryň ikinji çagasy bolup, onuň öňki söýgülisi Karolina Dantosdan, 2011-nji ýylda doglan Dawid Lukka atly ogly hem bar.