Angliýanyň çempionaty “Premier Ligada” tapgyryň iň esasy duşuşygynda wise-çempion “Arsenal” öz meýdançasynda çempion “Mançester Sitini” 1-0 hasabynda ýeňdi. Topçulara taryhy ýeňiş gazandyran ýeke-täk goly 86-njy minutda oýna soň giren Gabrielle Martinelli geçirdi. Şunlukda, ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýän “Arsenal” güýçli garşydaşyny çempionatda 8 ýyldan soň ilkinji gezek ýeňmegi başardy. “Arsenal” soňky gezek 2015-nji ýylda utupdy.

Şol sanda “Arsenalyň” tälimçisi Mikel Arteta APL-de Pep Guardiolany ilkinji gezek ýeňip, mundan öňki 7 oýunda asgyn gelipdi. Şeýle-de, Arsenal “Mançester Sitini” soňky gezek gol geçirtmezden 2012-nji ýylda ýeňipdi. Şonda londonlylar toparyň häzirki tälimçisi Mikel Artetanyň 87-nji minutdaky ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňipdiler.

“Mançester Siti” soňky 4 duşuşygynda 3-nji gezek utuldy. Şäherliler soňky gezek 2018-nji ýylyň aprelinde 4 duşuşygyň 3-sinde ýeňlipdi.