Ozal habar berşimiz ýaly, Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda “Şuşa – türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň çäklerinde “Gorkut Ata” III türki dünýäsiniň kinofestiwaly geçirildi. 11-nji oktýabrda Geýdar Aliýew merkezinde bu festiwalyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu barada “Azertag” agentligi habar berýär.
Oňa Baku metbugat merkeziniň başlygy Arzu Aliýewa, resmi adamlar, meşhur sungat ussatlary we köp sanly myhmanlar gatnaşdy. Mälim bolşy ýaly, bu festiwala Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.
Ýapylyş dabarasynda çykyş eden TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýew “Gorkut ata” atly III kinofestiwalyň türki dünýäsiniň filmlerini giňden wagyz etmek üçin ajaýyp mümkinçilik bolup durýandygyny belledi. Şeýle hem ol geljekde-de bu festiwala goldaw berjekdiklerini mälim etdi.
Festiwalyň ýapylyş dabarasynyň çäklerinde kino foruma gatnaşdyrylan çeper we dokumental filmler boýunça baýraklaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Şoňa laýyklykda, “Iň gowy aktýor” baýragy Türkmenistanyň sungat işgärine berildi. Bu festiwalda kino muşdaklaryna hödürlenen “Gyzyl alma” filmindäki keşbi üçin Ahmet Amandurdyýew bu sylaga mynasyp boldy.
Şeýle hem türki dünýäsiniň kinematografiýasyna goşan goşandy üçin hormatly sylaglar hem gowşuryldy. Bu ugurdaky baýraga Türkmenistanyň halk artisti Çaryýar Seýitliýew hem mynasyp boldy.
Mälim bolşy ýaly, bu festiwal Azerbaýjanyň Medeniýet ministrligi, Geýdar Aliýew merkezi, TÜRKSOÝ, Azerbaýjanyň Kino agentligi we Baku media merkeziniň gurnamagynda geçirildi.
Şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet ministri Adil Kerimli “Gorkut Ata” halkara kinofestiwalynyň “Durna” şekilli heýkelini bu festiwaly indi kabul etjek Änew şäheri üçin Türkmenistanyň wekiline gowşurdy.
“Gorkut Ata” halkara kinofestiwaly 2021-nji ýyldan bäri geçirilýär. Şol ýyl bu festiwalyň ilkinjisi Stambul şäherinde geçirilipdi. 2022-nji ýylda bu festiwal Bursa şäherinde guraldy. Üstümizdäki ýylda bolsa, ony Azerbaýjan Respublikasy kabul etdi.