Çilili tanymal režissýor, “Spencer”, “Jackie” ýaly kinolar bilen adygan Pablo Larrainiň täze “Maria” atly filminde surata düşjek artistler belli boldy. Gresiýaly sungat işgäri Maria Kallasyň durmuş ýoly, döredijiligi baradaky filmde baş keşbi oskarly aktrisa Anjelina Joli janlandyrar. Filmde Joliden başga-da italiýaly aktrisalar Waleriýa Golino bilen Alba Rorwaher, türkiýeli meşhur aktýor Haluk Bilginer, italiýaly aktýor Pierfrançesko Fawino, ýaş aktýor Kodi Smit-MakFi dagy dürli keşpleri ýerine ýetirer. Ssenarisi Stiwen Naýt tarapyndan ýazyljak filmde Maria Kallasyň ömrüniň soňky ýyllary barada söhbet açylar.