Her kim dostlary bilen wagt geçirmegi gowy görýän bolsa gerek. Durmuş dostlar bilen gowy. Durmuş dostlar bilen ajaýyp…
Bilermenler adamyň çyn dostynyň bolmagynyň peýdalydygyny tassyklaýarlar. Dostluk durmuşa bolan höwesi artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, saglygy hem gowulandyrýar. Geçirilen barlaglarda dostlar bilen wagt geçirmegiň beýniniň işjeňligini güýçlendirýändigi, psihologik we fiziki taýdan saglyga oňaýly täsir edýändigi ýüze çykaryldy. 80 ýaşdan ululardan durmuş we adamlar bilen özara gatnaşyklary baradaky sorag-jogap kagyzyny doldurmaklary haýyş edildi. Netijede dostlary bilen işjeň gatnaşykda bolan ýaşulularyň beýlekilere garanyňda psihologik taýdan durnukly ýagdaýdadygy anyklandy. Bilermenler ömrüniň dowamynda gowy dostlary bolan we töweregindäkiler bilen oňyn gatnaşyklary alyp baran ýaşulularyň aň-düşünjeleriniň sagdyndygyny, ýatkeşliginiň gowudygyny belleýärler.
Ruhy saglyk üçin sagdyn gatnaşyklary gurmagyň we saklamagyň möhümdigini hemmämiz bilýäris. Dostlaryň bilen ýakyndan gatnaşmak beden saglygyna oňyn täsirini ýetirip, garrylyk alamatlaryny hem haýalladýar.
Dostlukly gatnaşyklaryň peýdasy:
Ýalňyzlyk duýgusyny azaltmaga ýa-da ýalňyzlygyň öňüni almaga ýardam edýär.
Durmuşdaky şowsuzlyklaryň saglyga ýetirjek ýaramaz täsiriniň öňüni alýar. Dostlukly gatnaşyklar, esasan hem, kynçylyklary ýeňip geçmegi ýeňilleşdirýär.
Başdan geçirilen wakany dostuňa gürrüň bermek we onuň pikirini bilmek özüňe bolan ynamy artdyrýar. Şeýle hem kesgitli karara gelmegi aňsatlaşdyrýar.
Uzak ýyllaryň dowamyndaky dostlukly gatnaşyklar garrylyk alamatlaryny gijikdirip, newrologik näsazlyklaryň öňüni alýar.