Hä­zir­ki wagt­da dil öw­ren­mek döw­rüň ösen ta­lap­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Ýag­ny teh­no­lo­gi­ýa en­jam­la­ryn­dan baş çy­kar­mak ýa-da ylym öw­ren­mek üçin dil bil­mek ze­rur­ly­gy ýü­ze çyk­ýar. Di­li nä­çe ir öw­ren­mä­ge baş­la­saň, şon­ça-da ýe­ňil düş­ýär. Il­ki bi­len da­şa­ry ýurt dilleriniň birini saýlamaly. Iň esa­sy zat, öw­ren­ýän di­li­ňiz si­ze lez­zet ber­me­li. Eger-de siz­de ynam ýe­ter­lik bol­sa, on­da dil öw­ren­mek­li­ge başlap bilersiňiz! Dil öwrenilende iň amat­ly usu­ly ­saýlamaly. Dil öw­ren­me­giň iň amat­ly ýo­ly – di­li öz­baş­dak öw­ren­mek bo­lup dur­ýar.
Soň­ky ýyl­lar­da dil öw­ren­mek­de dür­li-dür­li gol­lan­ma­lar, gep­le­şik ki­tap­la­ry, au­dio we wi­deo kurs­lar has meş­hur­lyk ga­zan­ýar. In­ter­net gol­lan­ma­la­ry hem ýe­ter­lik bo­lup, is­leg bi­len dil öw­ren­mek­li­ge baş­la­mak hem-de yzy­gi­der­li do­wam et­dir­mek ýe­ter­lik. Mu­nuň üçin şah­sy me­ýil­na­ma düz­me­li. Sa­pak­la­ra taý­ýar­lan­mak, öý iş­le­ri­ne kö­mek­leş­mek hem-de mek­de­be gi­dip-gel­mek ýa­ly iş­le­ri­ňi­ze päs­gel ber­mez­den dil öw­ren­mek üçin aý­ra­tyn wagt aýyr­ma­ly. Bu si­ziň dil öw­ren­mek­li­ge bo­lan hö­we­si­ňi­ze gö­rä gü­nüň is­len­dik wag­tyn­da bo­lup bi­ler. Di­li öz­baş­dak öw­ren­mek­li­ge gi­ri­şe­ni­ňiz­de üns ber­me­li zat­la­ryň bi­ri di­li bir­nä­çe gol­lan­ma­lar­dan öw­ren­mek­dir. Dil öw­ren­mek üçin sarp ed­ýän wag­ty­ňyz ara­kes­me bi­len 60-90 mi­nut­dan geç­me­li däl­dir. Uzak wagt­lap oka­mak, ýaz­mak ýa-da tä­ze söz­le­ri ýat tut­mak si­zi ýa­da­dyp bi­ler. Şol se­bäp­li ara­syn­da öw­ren­ýän di­li­ňi­ze de­giş­li aý­dym­la­ry diň­läp, gys­ga film­le­re to­ma­şa edip bi­ler­si­ňiz. Bu si­ziň söz­le­ri dog­ry aýt­ma­gy­ňy­za, ba­sy­my dog­ry goý­ma­gy­ňy­za kö­mek eder. Dil öw­ren­mek­de iň esa­sy usul­la­ryň bi­ri şol dil­dä­ki çe­per eser­le­ri oka­mak­dyr.
Da­şa­ry ýurt di­li­ni öz­baş­dak öw­ren­me­gi saý­lap alan­la­ryň kö­pü­si, şol­ba­da haý­sy­dyr bir ne­ti­je­le­re ga­raş­ýar­lar. Bu bol­sa müm­kin däl­dir. Eger siz öz­baş­dak okap bi­lim al­ma­gy saý­lap alan bol­sa­ňyz, jo­gap­kär­çi­lik özü­ňiz­de. Öw­ren­ýän te­ma­la­ry­ňyz ýe­ňil ýa­ly bo­lup gö­rün­se-de, ony dyk­gat­ly we iç­gin öz­leş­dirmeli. Şeý­le hem tä­ze zat­la­ry öw­ren­ýän wag­ty­ňyz öň­kü­le­ri gaý­ta­la­ma­gy ýo­la go­ýmaly. Gaý­ta­la­mak ar­ka­ly öw­ren­ýän di­li­ňiz­dä­ki söz­ler, gram­ma­tik bag­la­ny­şyk­lar has-da ýat­da ga­lar. Eger müm­kin­çi­lik bol­sa öw­ren­ýän di­li­ňiz­de gür­le­ýän halklaryň me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­nyş bo­luň! Bu si­ziň mak­sa­dy­ňy­za ýet­mä­ge ynam dö­re­der.