Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow Biş­kek­de ge­çi­ril­ýän GDA döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň Sam­mi­tin­de 2024-nji ýyl­da ga­dy­my Sa­mar­kant şä­he­ri­ni GDA-nyň me­de­ni paý­tag­ty di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy Türk­me­nis­ta­nyň gol­da­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­le­me­gi­ne gö­rä, ýurt­la­ry­my­zyň halk­la­ry­nyň ara­syn­da­ky ys­ny­şyk­ly yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry, ozal­ky­sy ýa­ly GDA-nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm we bir­leş­di­ri­ji şer­ti bol­ma­gyn­da gal­ýar.
«Şu gün 2024-nji ýyl­da ga­dy­my Sa­mar­kant şä­he­ri­ni GDA-nyň me­de­ni paý­tag­ty di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da­ky baş­lan­gy­jy Türk­me­nis­ta­nyň gol­da­ýan­dy­gy­ny ha­bar ber­mek me­niň üçin ýa­kym­ly­dyr» di­ýip, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz me­de­ni paý­tag­tyň hor­mat­ly sta­tu­sy­nyň çäk­le­rin­de me­de­ni çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi­niň Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň halk­la­ry­nyň me­de­ni­ýet­le­ri­niň öza­ra baý­laş­ma­gy­na tä­ze iter­gi ber­jek­di­gi­ne, şeý­le hem däp bo­lan dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynan­ýan­dy­gy­ny aýt­dy.
«Sö­zü­miň ahy­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň GDA-nyň çäk­le­rin­de mun­dan beý­läk-de gat­na­şyk et­mä­ge berk yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­mak, bi­ziň hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň uly gel­je­gi­niň bar­dy­gy­na ynam bil­dir­mek is­le­ýä­rin» di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.