14-15-nji oktýabrda Arkadag şäherinde ilkinji gezek «Arkadagyň säheri» halkara film festiwaly geçiriler. Bu uly çärä gatnaşmak üçin daşary ýurtly myhmanlar we tanymal kino işgärleri paýtagtymyza geldiler.
Aşgabat şäherine gelen ilkinjileriň biri, fransuz teatr we kino aktýory Eduar Montut boldy. Kinosöýüjiler ony «Taksi», «Asteriks we Obeliks: «Kleopatranyň» missiýasy» we beýleki filmlerindäki döreden keşpleri bilen tanaýarlar.
Bu kino foruma gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Fransiýa Respublikasynyň meşhur kino hünärmenleri, kino aktýorlary we kino bilermenleri paýtagtymyz Aşgabada geldi.
Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu festiwala gatnaşmak üçin ýurdumyzda gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň hatarynda meşhur türk aktýory Burak Özçiwit, serialy surata düşürýän kinorežissýor Mehmet Bozdag hem bar. Burak Özçiwit hem-de Türkiýäniň kino hünärmenleri paýtagtymyz Aşgabada geldiler.
«Arkadagyň säheri» halkara film festiwalynyň açylyş dabarasy, adatça, kino we teatr sungat işgärleriniň gyzyl halydan geçmegi bilen başlanar. Kino festiwalynyň maksatnamasy onuň gyzykly boljakdygyny wada berýär. Film forumynda birnäçe filmleriň ilkinji görkezilişi bolar we döredijilik ýygnaklary hem-de çykyşlar guralar.
Film festiwalynyň maksatnamasynda Burak Özçiwitiň baş keşbi ýerine ýetiren «Gurluş: Osman» atly taryhy teleserialyň tanyşdyrylyşy bolar. Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwala gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz gutlag hatyny ugratdy. Gutlagda häzirki wagtda biz ýurdumyzda kinematografiýa işiniň kämilleşdirilmegine, surata düşürilen milli filmleriň köpçülige görkezilmegine, kinofestiwallaryň geçirilmegine, türkmen hünärmenleriniň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara kinofestiwallara gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berýäris. Arkadag şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilýän «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwalyň esasy maksady bolsa kino sungatynda halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmekden we ösdürmekden, dünýä jemgyýetçiligini Arkadag şäheri bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr diýlip bellenip geçilýär.