2024-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da Ba­ku we Gan­ja şä­her­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ni ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Bu ba­ra­da 12-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet mi­nist­ri Ata­gel­di Şa­my­ra­dow Azer­baý­ja­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gin­de ge­çi­ri­len du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­le­di.
Mun­dan baş­ga-da, mi­nistr du­şu­şy­gyň bar­şyn­da «IV Gor­kut ata» Türk dün­ýä­si­niň film fes­ti­wa­ly­nyň Türk­me­nis­ta­nyň Änew şä­he­rin­de ge­çir­mek ba­ra­da­ky ka­ra­ra uly ka­na­gat­lan­ma bil­di­rip, me­de­ni­ýet pu­da­gyn­da­ky gat­na­şyk­la­ry gel­jek ýyl­lar­da hem ös­dür­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da bel­läp geç­di.
Ozal hem ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň me­de­ni­ýet mi­nist­ri­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry do­wam ed­ýär.
Bel­läp geç­sek, türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň 13-14-nji okt­ýabr ara­ly­gyn­da «Türk dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» — Şu­şa­da ge­çi­ril­ýän Azer­baý­ja­nyň Mil­li li­de­ri Geý­dar Ali­ýe­wiň 100 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan I Türk dün­ýä­si­niň me­de­ni­ýet fo­ru­my­na gat­naş­ýar­lar.