13-nji okt­ýabr­da Gyr­gy­zys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Sa­dyr Ja­pa­ro­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da Biş­kek­de Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň (GDA) Döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di.
Du­şu­şy­ga Azer­baý­ja­nyň Pre­zi­den­ti Yl­ham Aly­ýew, Be­la­rus Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Alek­sandr Lu­ka­şen­ko, Ga­za­gys­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew, Rus­si­ýa­nyň Pre­zi­den­ti Wla­di­mir Pu­tin, Tä­ji­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Emo­ma­li Rah­mon, Türk­me­nis­tan Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedow, Öz­be­gis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew, GDA-nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji ko­mi­te­ti­niň baş sek­re­ta­ry Ser­geý Le­be­dow gat­naş­dy.
Sam­mi­te gat­na­şy­jy­lar dar we gi­ňel­di­len for­mat­da mas­la­hat ge­çi­rip, onuň bar­şyn­da GDA-nyň çäk­le­rin­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm me­se­le­le­ri ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Sam­mit­den soň GDA ýurt­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry 16 res­mi­na­ma gol çek­di­ler. San­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar ul­ga­myn­da döw­let do­lan­dy­ryş ul­gam­la­ry­ny saz­laş­dyr­mak ba­ra­da, köp pol­ýar­ly dün­ýä­dä­ki döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar ýö­rel­ge­le­ri ba­ra­da, adam hu­kuk­la­ry we ra­ýat­la­ryň din azat­ly­gy hu­ku­gy­ny go­ra­mak ba­ra­da we mil­le­ta­ra ara­gat­na­şyk di­li hök­mün­de rus di­li­ni gol­da­mak we wa­gyz et­mek ba­ra­da­ky 4 be­ýa­na­ta gol çe­kil­di.
Howp­suz­lyk pu­da­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly iki res­mi­na­ma hem gol çe­kil­di. Hu­su­san-da, je­na­ýat­çy­lyk­ly ýol bi­len al­nan gir­de­ji­le­riň ka­nun­laş­dy­ryl­ma­gy­na tö­wek­gel­çi­li­gi ba­ha­lan­dyr­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra mer­ke­zi­ni dö­ret­mek we ka­zy­ýet işi ba­ba­tyn­da GDA-nyň ut­gaş­dy­ry­jy ge­ňe­şi­ni dö­ret­mek ba­ra­da­ky şert­na­ma gol çe­kil­di.
2024-nji ýyl­da GDA-nyň baş­lyk­ly­gy­nyň Rus­si­ýa ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­jak­dy­gy we GDA-nyň in­di­ki sam­mi­ti­niň 2024-nji ýy­lyň 8-nji okt­ýab­ryn­da Mosk­wa­da ge­çi­ril­jek­di­gi ba­ra­da ka­rar­lar ka­bul edil­di.