10-13-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Kýonji şäherinde Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň Bütindünýä mirasynyň şäherler guramasynyň dördünji sebit forumy geçirildi, oňa Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň wekiliýeti gatnaşdy.
Forumyň çäklerinde türkmen tarapy gadymy Köneürgenç şäheriniň taryhy-medeni mirasy barada çykyş etmek bilen, onuň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen binagärlik eserleri we ýadygärlikleri bilen tanyşdyrdy.
Şeýle hem Türkmenistanyň taryhyna we häzirkizaman ösüşine, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan wideo görkezildi.
Sebit maslahaty ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen şäherleriň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak üçin maddy we maddy däl medeni mirasy ulanmak mowzugyna bagyşlandy.