Her ýyl 14-nji oktýabrynda, standartlar güni ýa-da Bütindünýä standartlaşdyrmak güni bellenilýär. Bu birmeňzeş ülňüleri döretmek bilen baglanyşykly hereketleriň ähmiýetine adamlaryň ünsüni çekmek we ömrüni we hünär ussatlygyny jogapkär we zerur işe bagyş eden on müňlerçe hünärmeniň goşandyny nazara almak üçin döredilen halkara senedir. 1946-njy ýylda bu gün Londonda standartlaşdyrmak boýunça milli guramalaryň maslahaty açylýar. Oňa 25 ýurtdan 65 wekiliýet gatnaşýar. Maslahatda Halkara standartlaşdyryş guramasyny (ISO) döretmek boýunça karar kabul edilýär. 1970-nji ýylda ISO-nyň başlygy Faruk Sunter (Türkiýe) dünýä ykdysadyýeti üçin standartlaşdyrmagyň ähmiýetini bellemek maksady bilen 14-nji oktýabrda Bütindünýä standartlar gününi bellemegi teklip edýär.