EURO 2024-iň saýlama tapgyrynda “J” toparçada Portugaliýanyň ýygyndysy 7-nji duşuşygyndan soň Germaniýadaky çempionata gatnaşmak hukugyna eýe boldy. Öz meýdançasynda Slowakiýa bilen duşuşan Portugaliýanyň ýygyndysy Ramuş (18) we Ronaldonyň (29 p, 72) gollary esasynda 3-2 hasabynda ýeňiş gazandy. Duşuşykda Slowakiýanyň gollaryny Hanko bilen Lobotka geçirdi.

Netijede, Portugaliýanyň ýygyndysy 9-njy gezek Ýewropa çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Olar 1996-njy ýyldan bäri, ýagny bassry 8-nji gezek Ýewropa çempionatyna gatnaşarlar.

Duşuşykda 2 gol geçiren Ronaldonyň milli topardaky 202-nji duşuşygynda gollarynyň sany 125-e ýetdi. Ol penaltisiz 700-nji goluny hem geçirdi (umumylykda 857 gol).

Toparçada Lýuksemburg myhmançylykda Islandiýa bilen 1-1 deňme-deň oýnady. 2-nji ýer ugrunda göreş alyp barýan Lýuksemburg 16-njy oktýabrda öz meýdançasynda Slowakiýany kabul eder. Ýeňiş gazanan ýagdaýynda 2-nji orna beýgeler.