“SpaceX” kompaniýasy häzirki wagtda dünýäniň medeni zolakdan uzak ýerlerini gönüden-göni internet bilen üpjün edýän “Starlink” atly taslamany durmuşa geçirýär. Kosmos pudagyna iş alyp barýan kompaniýa indi bolsa dünýäniň islendik ýerinde mobil enjamlary ulanmaga mümkinçilik berýän “Starlink Direct to Cell” hyzmatyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Bu hyzmat el telefonlary üçin aragatnaşyk antennalarynyň gurulmagyna bolan zerurlygy aradan aýrar. El telefonlary gönüden-göni emeli hemralar arkaly peýdalanylar.
Bu barada geçirilen tanyşdyrylyş dabarasynda “SpaceX” kompaniýasy asmany görüp bilýän ähli ýeriňizde LTE telefonlary arkaly aragatnaşyk hyzmatlaryndan peýdalanyp boljakdygyny mälim etdi. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin aýratyn programma zerurlygyň ýokdugy bellenilip, tekst, ses we maglumaty iberip ýa-da kabul edip boljakdygy bellenildi. Şeýlelikde, ulanyjylar global derejede jaň, sms we internet hyzmatyndan peýdalanarlar.
Emeli hemralar soňky ýyllarda smartfonlar üçin dürli hyzmatlary hödürläp başlady. “Apple” kompaniýasy geçen ýyl “iPhone 14” telefonlaryna gaýragoýulmasyz ýagdaýlar üçin emeli hemralar arkaly ulanyjynyň duran ýerini degişli gulluklara iberýän programmany oturdypdy. Şeýle hem bu telefonlar gyssagly ýagdaýlarda hyzmat ediş çäginden daşdaky ýerlerde bolsa, emeli hemralar arkaly ilkinji kömek beriş toparlaryna ýeriňi mälim edýär.
ABŞ-nyň AT&T kompaniýasynyň goldaw berýän “AST SpaceMobile” atly kosmos aragatnaşyk kompaniýasy golaýda 5G telefony arkaly emeli hemra arkaly ilkinji jaňyň edilendigini mälim etdi.