16-njy okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­li­gin­de, Türk­me­nis­ta­na iş sa­pa­ry bi­len ge­len “Eu­ro­news” Ýew­ro­pa ha­bar be­riş te­le­ýaý­ly­my­nyň we­ki­li­ýe­ti bi­len gep­le­şik­ler ge­çi­ril­di.
Du­şu­şyk­da Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry M.Bä­şi­mo­wa we te­le­ýaý­ly­myň sa­tuw we hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Sil­wi­an Žan Iw Ro­že soň­ky on ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy we onuň çä­gin­de Türk­me­nis­tan­da bo­lup ge­çen mö­hüm wa­ka­la­ry şöh­le­len­dir­mek üçin dur­mu­şa ge­çi­ri­len bir­nä­çe tas­la­ma­lar ba­ba­tyn­da bel­le­di­ler.
Şeý­le hem hal­ka­ra mag­lu­mat gi­ňiş­li­gin­de uzak möh­let­li hyz­mat­daş­ly­ga gö­nük­di­ri­len me­ýil­na­ma­lar be­ýan edil­di. Şol bir wag­tyň özün­de Ýew­ro­pa te­le­ýaý­ly­my­nyň we­kil­le­ri bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri güýç­len­dir­mä­ge we öza­ra gat­na­şyk­la­ryň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni ös­dür­mä­ge taý­ýar­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di­ler.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ta­rap­lar du­şu­şy­gyň ne­ti­je­sin­de gol çe­ki­len Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň ýa­nyn­da­ky Ulag we ara­gat­na­şyk agent­li­gi­niň “Türk­me­na­ra­gat­na­şyk” agent­li­gi bi­len “Eu­ro­news” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky Hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Yla­la­şy­gy­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň bent­le­ri bi­len bag­ly me­se­le­ler bo­ýun­ça pi­kir alyş­dy­lar.