“Ýuwentus” toparynyň ýaş futbolçysy Nikolo Fajoliniň 7 aýlyk jerime alandygy mälim edildi. Bu barada “Sky Sports” habar berýär. Ozal habar berlişi ýaly, Fajoli bikanun ýagdaýda stawka goýmakda aýyplanypdy. Italiýanyň prokuraturasy bilen ylalaşan we käbir bikanun stawka internet saýtlary arkaly stawka goýandygy kabul eden Fajoli 7 aý futboldan daşlaşdyryldy.

Fajoliden başga-da stawka goýýan futbolçylar bolup, olar “Nýukaslda” oýnaýan Sandro Tonali bilen “Aston Willada” çykyş edýän Nikola Zaniolanyň hem atlary bu mesele boýunça agzalypdy. Häzirki wagtda olar üçinem iş gozgalmagyny dowam edýär.

Italiýada futbol duşuşyklaryna stawka goýýan futbolçylara tutulan ýagdaýynda 3 ýyla çenli futboldan daşlaşdyrylyp bilinýär.