Şu gün – 18-nji oktýabrda düýn Mukamlar köşgünde açylyş dabarasy bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri Aşgabat we Mary şäherlerinde dowam eder. Dostlukly halkyň sungat işgärleri Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş ederler hem-de Mary welaýatynyň tomaşaçylaryna Tatarystanyň sungat ussatlarynyň konsertini hödürlärler.
Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde bolsa, «Halkyň çeper döredijiligini we senetçiligini gorap saklamak, dikeltmek we ösdürmek» atly “tegelek stol” duşuşygy guralar. Festiwalyň maksatnamasyna laýyklykda, «Aşgabat» kinoteatrynda Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de «Ibn Fadlan» we «Tarlan» kinofilmleriniň görkezilişi bolar.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleri 19-njy oktýabrda Mukamlar köşgünde iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda dostluk konserti bilen tamamlanar. Şeýle hem jemleýji günüň medeni maksatnamasy Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenji, «Aşgabat» kinoteatrynda «Isenmesez» atly çeper filmiň görkezilişini öz içine alar.