16-njy oktýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Tokioda geçirilen çäräniň çäklerinde Ýaponiýanyň «Akhal-teke Affinity Co. LTD» jemgyýetiniň baş direktory Miçiko Aoene «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň nyşanynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Ýaponiýanyň parlamentiniň deputatlary, ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, işewürler, daşary ýurt ilçihanalaryň, halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri we Ýaponiýanyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, habarçylar hem-de Ýaponiýada bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda köpugurly türkmen-ýapon gatnaşyklary has-da ösdürmek ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň sergisi, şeýle hem türkmen suratkeşleriniň eserleriniň hem-de ýurdumyza bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilişi geçirildi.