Şu gün — 18-nji okt­ýabr­da Hy­ta­ýyň paý­tag­tyn­da Pe­kin­de «Bir gu­şak, bir ýol» üçün­ji ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­ty öz işi­ne baş­la­dy. Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pi­niň baş­lyk­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän fo­rum ýurt­da ýy­lyň do­wa­myn­da gu­ral­ýan iň mö­hüm dip­lo­ma­tik çä­re­dir. Oňa türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky türk­men we­ki­li­ýe­ti hem gat­naş­ýar. Bu ba­ra­da “Türk­me­nis­tan” ga­ze­ti­niň elekt­ron nus­ga­syn­da ha­bar be­ril­ýär.
Hy­ta­ýyň Halk ýyg­nak­lar öýün­de ge­çi­ril­ýän giň ge­rim­li fo­ru­ma dün­ýä­niň 140 döw­le­tin­den, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem 30-dan gow­ra­gyn­dan we­kil­ler «Bir gu­şak, bir ýol» üçün­ji ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­ty­na gat­naş­mak üçin bu ýe­re ýyg­nan­dy­lar. Bi­le­lik­dä­ki res­mi su­ra­ta düş­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, fo­rum öz işi­ne baş­la­dy.
Şu ge­zek­ki we­kil­çi­lik­li çä­re «Bir gu­şak, bir ýo­luň» çä­gin­de ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­daş­lyk: bi­le­lik­de umu­my ösü­şiň we aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne» mow­zu­gy as­tyn­da gu­ral­ýar. Bu baş­lan­gy­jyň çä­gin­dä­ki ýo­ka­ry de­re­je­li fo­ru­myň ça­gy­ryl­ma­gy yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe bol­dy. Ol il­kin­ji ge­zek 2017-nji ýy­lyň ma­ýyn­da, ikin­ji ge­zek bol­sa 2019-njy ýy­lyň ap­re­lin­de Pe­kin­de ge­çi­ri­lip­di.
Mak­sat­na­ma la­ýyk­lyk­da, no­bat­da­ky ýo­ka­ry de­re­je­li çä­rä­niň açy­lyş da­ba­ra­syn­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy Si Szin­pin mak­sat­na­ma­la­ýyn çy­kyş et­di. Soň­ra dür­li se­bit­le­re we­kil­çi­lik ed­ýän kä­bir we­ki­li­ýet Baş­tu­tan­la­ry­nyň çy­kyş­la­ry­na orun be­ril­di.
Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, HHR-iň Baş­ly­gy Si Szin­pin ta­ra­pyn­dan öňe sür­len «Bir gu­şak, bir ýol» baş­lan­gy­jy se­bit­le­ýin go­şu­lyş­ma­gy çuň­laş­dyr­mak, söw­da­ny ös­dür­mek we yk­dy­sa­dy ösü­şi go­wu­lan­dyr­mak üçin gu­ry ýer hem-de de­ňiz ýol­la­ry ar­ka­ly Azi­ýa yk­ly­my­ny Af­ri­ka we Ýew­ro­pa bi­len bir­leş­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýan mak­sat­na­ma­dyr. Bu tas­la­ma iki ug­ry — Ýü­pek ýo­lu­nyň yk­dy­sa­dy gu­şa­gy­ny we XXI asy­ryň de­ňiz Ýü­pek ýo­lu­ny öz içi­ne alyp, on­da inf­rast­ruk­tu­ra des­ga­la­ry­ny ös­dür­mek üçin ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek ile­ri tu­tul­ýar. Şu ýyl «Bir gu­şak, bir ýol» baş­lan­gy­jy­nyň esas­lan­dy­ry­la­ny­na 10 ýyl bol­dy.