Aşgabat – Köneürgenç – Aşgabat aralygynda otly gatnawynyň amala aşyryljakdygy habar berildi. Otly gatnawy ýolagçylaryň demirgazyk sebitdäki taryhy ýadygärliklere gezelenç etmekleri üçin, has takygy, zyýarat-gezelenjiň esasy ugry ÝUNESKO tarapyndan goralýan «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çäklerindäki ýadygärlikler toplumy bolar. Şeýle hem syýahatçylar demirgazyk sebitiň tebigy aýratynlyklary we beýleki taryhy ýadygärlikleri bilen tanyşyp bilerler. Mundan başga-da, syýahatçylar üçin Beýik Ýüpek ýolunyň belli bir bölümini geçmek üçin mümkinçilikler dörär.
“Türkmendemirýollary” agentliginiň resmi saýtynda ýerleşdirilen bildirişde syýahat otlusynyň Aşgabat şäheriniň demir ýol menzilinden 27-nji oktýabrda ugrajakdygy bellenilýär. Biletler Aşgabat şäheriniň demir ýol menziliniň kassalarynda satylýar.