«Ga­ra­gum Ulag» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti – «Toyo­ta» ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky res­mi di­le­ri 15 ýa­şa çen­li ça­ga­la­ry 2023-nji ýy­lyň 15-nji iýu­nyn­da ba­dal­ga alan «Ar­zu­wym­da­ky aw­tou­lag» at­ly su­rat çek­mek bäs­le­şi­gi­ne gat­naş­ma­ga ça­gyr­ýar.
Bäs­le­şi­giň şert­le­ri­ne gö­rä, gat­na­şy­jy ça­ga ar­zu­wyn­da göz öňü­ne ge­tir­ýän ula­gy­ny, ýag­ny onuň adam üçin amat­ly funk­si­ýa­sy bo­lan gel­je­giň ula­gy­ny nä­hi­li gör­ýän­di­gi­ni şe­kil­len­dir­me­li. Su­rat do­lu­ly­gy­na, hat­da fo­nu­na çen­li reňk­le­nen bol­ma­ly­dyr. Ka­gy­zyň müm­kin bol­sa A3 ýa-da A4 öl­çeg­de bol­ma­ly. Su­rat çek­mek üçin ga­lam, dür­li gör­nüş­li reňk, mar­ker, flo­mas­ter hem-de mel­ja­gaz­lar ula­ny­lyp bil­ner.
Dö­re­di­ji­lik göz­den ge­çi­ri­li­şi iki tap­gyr­da ge­çi­ril­ýär. Iş­ler 15-nji no­ýab­ra çen­li ka­bul edil­ýär.