16-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen bagly meselelere garaldy.

We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, we­la­ýat­lar­da bug­daý eki­şi­ni ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ge­çir­mek, eki­len meý­dan­lar­da ka­da­ly gö­ge­riş al­mak, ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak, ýyg­na­lan ha­sy­ly pag­ta ka­bul ediş har­man­ha­na­la­ryn­da bök­denç­siz ka­bul et­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Se­bit­ler­de şa­ly eki­len meý­dan­lar­da ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­na­mak işi gu­ra­ma­çy­lyk­ly al­nyp ba­ryl­ýar we gant şu­gun­dy­ry eki­len meý­dan­la­ryn­da bol­sa ideg iş­le­ri, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly ýyg­nap al­mak we gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­ler do­wam ed­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, hä­zir­ki wagt­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di hem-de gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý eki­şi­niň we ideg iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk ge­çi­ril­me­gi­ni, ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­nyň öz wag­tyn­da ýyg­na­lyp alyn­ma­gy­ny berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy hä­kim­le­re tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, we­la­ýat­lar­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny gys­ga wagt­da ýyg­nap al­mak, ha­sy­ly har­man­ha­na­lar­da bök­denç­siz ka­bul et­mek we pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler do­wam ed­ýär. Bu iş­ler bi­len bir ha­tar­da, we­la­ýat­lar­da gel­jek ýy­lyň ha­sy­ly üçin bug­daý eki­şi ge­çi­ril­ýär, ekiş ge­çi­ri­len meý­dan­lar­da gö­ge­riş su­wy tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, hä­zir­ki wagt­da al­nyp ba­ryl­ýan oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ta­la­ba­la­ýyk gu­ral­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny bel­le­di we bug­daý eki­şi­niň öz wag­tyn­da ta­mam­lan­ma­gy­ny, ýe­tiş­di­ri­len pag­ta ha­sy­ly­ny ýyg­na­mak iş­le­ri­niň dep­gi­ni­niň has-da güýç­len­di­ril­me­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­na gat­na­şy­jy­la­ra ýüz­le­nip, do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­ni ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na do­ly la­ýyk­lyk­da we bel­le­nen möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça öň­de goý­lan we­zi­pe­le­re jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­le­şil­me­li­di­gi­ni bel­le­di we bir­nä­çe anyk tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Şeý­le hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zy 2022–2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, we­la­ýat­lar­da açy­lyp ulan­ma­ga be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýan dür­li mak­sat­ly des­ga­lar­da­ky gur­lu­şyk iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly gör­kez­me­le­ri ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň ro­waç­ly­gy­nyň, mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň aba­dan dur­mu­şy­nyň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len giň ge­rim­li iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.