Hytaý Halk Respublikasyna iş saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji oktýabrda «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyna gatnaşdy.
Giň gerimli maslahata 140-dan gowrak ýurtdan hem-de iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, şol sanda döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
HHR-iň Başlygy Si Szinpin foruma gatnaşyjylara Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň çäklerinde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga, netijeli halkara gatnaşyklaryň maksatdyr wezipelerine bagyşlanan maksatnamalaýyn çykyşy bilen ýüzlendi. HHR-iň Başlygy Si Szinpin başlangyjyň çäklerinde kemala gelen özara baglanyşygyň ählumumy ulgamyň müňlerçe ýyl taryhy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň häzirki eýýamda täze ýaşaýyş, durmuş kuwwatyna öwrülendigini nygtady. Ol soňky ýyllarda «Bir guşak, bir ýol» formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljekki gözýetimlerini kesgitlemek nukdaýnazaryndan gatnaşyklaryň içgin, oýlanyşykly şertlerini işläp taýýarlamak tapgyryna geçendigini, öňde goýlan meýilnamalaryň bolsa iş ýüzünde amala aşyrylan taslamalara öwrülip, oňat netijeleri berendigini kanagatlanma bilen belledi.
Üçünji ýokary derejeli maslahatyň resmi açylyş dabarasy tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Dýaoýuýtaý» döwlet kabulhanasynda HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler taraplaryň ikitaraplaýyn, köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde geljekde-de ýakyn hyzmatdaşlyga berk ygrarlydyklary barada aýdyp, iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Umumy taryha esaslanýan, döwletleriň we halklaryň abadançylygyna, gülläp ösüşine ýardam berýän biziň ýurdumyzyň häzirki zaman şertlerinde Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýasynyň hem-de HHR-iň «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasynyň möhüm ähmiýetine aýratyn üns çekildi.
Halkara forumda Gahryman Arkadagymyz çykyş etdi
Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Bir guşak, bir ýol» üçünji halkara forumynyň çäklerinde ýokary derejeli maslahata gatnaşdy.
HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy Din Sýuesýan ýokary derejeli forumy açyk diýip yglan etdi hem-de ýygnananlary mübärekläp, indi Pekinde üçünji gezek geçirilýän bu maslahatyň ähmiýetini belledi. Soňra foruma gatnaşyjylara söz berildi. Ilki bilen, Gahryman Arkadagymyz çykyş etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşynyň başynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli maslahatyny çagyrmak başlangyjy, onuň ýokary derejede guralandygy, hoşniýetlilik, myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi ýaly, bu duşuşygyň geçirilmegi örän derwaýys we zerur wakadyr. Soňky döwrüň ýagdaýlary – pandemiýa, durnuksyzlygyň artmagy, ynanyşmagyň peselmegi ählumumy ykdysady işjeňlige ýaramaz täsirini ýetirdi, özara arabaglanyşykda kynçylyklary ýüze çykardy, durnukly ösüş ulgamynda meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmegiň derejesini peseltdi. Şu ýaramaz ýagdaýlary ýeňip geçmek üçin döwletleriň we halkara institutlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegi, hoşmeýilli erk-islege daýanýan döredijilikli, oňyn gün tertibini berkarar etmek işinde olaryň raýdaşlygy, jogapkärçiligi, öňdengörüjiligi talap edilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.