Geçirilen soňky maglumatlara görä, soňky ýyllarda elektrik energiýasyny öndürmekde gazylyp alynýan serişdeleriň ulanylyşy azalýar. Dünýäniň 215 ýurdunda we sebitiniň 107-sinde ýerasty energiýa serişdeleriniň ulanylyşy baş ýyl ozal rekord derejä ýetipdir. Şondan bäri azalmagyny dowam etdirýär. Munda arassa çeşmeleriň ulanylyşynyň artmagynyň täsiriniň uludygy bellenilýär. merkezi edarasy Londonda ýerleşýän “Ember” şereketiniň seljermesine görä, ýerasty ýangyçlaryň ulanylyşy 2022-nji ýylda 1,2 göterim artypdyr. Bu ösüş 2011-2021-nji ýyllar öz içine alýan ortaça 1,6 göterim ösüşden az bolupdyr.
Agzalýan 107 ýurtda dünýädäki elektrik energiýasynyň 38 göterimi sarp edilýär. Bu ýurtlarda elektrik pudagynda howa goýberilýän zyýanly gazlaryň mukdary 10 ýylyň dowamynda 20 göterim azalypdyr.
Bu ýurtlaryň 78 sanysynda 2000-nji ýyllardan başlap, elektrik energiýasyny öndürmekde ýerasty çeşmeleriň deregine, Gün, ýel, bioýangyç ýaly arassa çeşmeleriň paýyny artdyryp başlapdyr.
Global elektrik energiýasynyň 50 göterimini emele getirýän ýurtlarda bolsa, bir ýyl ozal ýokary derejä çykyp, şondan bäri peselip başlapdyr.
Bilermenler köp ýurtda elektrik energiýasynyň önümçiliginiň artandygyna garamazdan olardaky ýerasty serişdeleriniň paýynyň azalandygyny belleýärler.
Ýusup Döwletnazarow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.