Ki­no sun­ga­tyň aý­ra­tyn ug­ry bol­mak bi­len, ol me­de­ni­ýe­tiň beý­le­ki ugur­la­ry ýa­ly mö­hüm­ hem ze­rur­ hasaplanýar. Ki­no sungatyň beýleki görnüşleri bilen bir hatarda dur­mu­şa has ýa­kyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Çün­ki ki­no jan­lan­dy­ry­lýan keşp, ömür diý­me­gi aň­lad­ýar. Ol is­len­dik wa­ka­ny to­ma­şa­çynyň gözüniň öňünde jan­lanar ýaly edip görkezip bilýär. Ki­no­nyň sun­gat hök­mün­de esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy yn­san dur­mu­şy­ny ha­ky­ka­ta has ýa­kyn açyp gör­ke­zip, adam­la­ryň duý­gu­sy­na ýi­ti tä­sir edip bil­mä­ge ukyp­ly­ bolmagy bilen bagly­dyr. Häzirki wagtda ki­no sun­ga­ty tä­ze ösüş­le­riň men­zi­li­ne ga­dam bas­dy. Ýur­du­my­zyň ki­no sun­ga­ty­ny has-da be­len­de gö­ter­mek, şeý­le hem bu ugur­da hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len ki­no­fes­ti­wal­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär. Go­laý­da ýur­du­my­zyň il­kin­ji «akyl­ly» şä­he­ri bo­lan Ar­ka­dag şä­he­rin­de «Ar­ka­da­gyň sä­he­ri» at­ly hal­ka­ra ki­no­fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­di. Bu fes­ti­wa­la gat­naş­mak üçin Azer­baý­ja­nyň, Ga­za­gys­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Tä­ji­gis­ta­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Tür­ki­ýä­niň, Fran­si­ýa­nyň akt­ýor­la­ry, re­žiss­ýor­la­ry, ki­no we teatr ar­tist­le­ri, prod­ýu­ser­le­ri gel­di­ler.
Tür­ki­ýe­den we Fran­si­ýa­dan ge­len ki­no ýyl­dyz­la­ry ýur­du­myz­da şeý­le ki­no­fes­ti­wal­la­ryň ge­çi­ril­me­gi­niň to­ma­şa­çy­la­ryň ki­no­film­le­re ýo­ka­ry gy­zyk­lan­ma­sy­ny gör­ke­zen­di­gi­ni we goň­şy döw­let­le­riň ki­ne­ma­tog­raf­la­ry bi­len öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­den­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Hal­ka­ra çä­rä da­şa­ry ýurt­ly gat­na­şy­jy­la­ryň ha­ta­ryn­da Öz­be­gis­ta­nyň Ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa agent­li­gi­niň re­žiss­ýo­ry Dil­şod­bek Us­ma­now, «Rus­sia To­day» te­le­ýaý­ly­my­nyň ha­bar­çy­sy we re­žiss­ýo­ry Ýe­le­na Nor­ku­naý­te, film tan­kyt­çy­sy Ih­san Nu­rul­lah Ka­bil, re­žiss­ýor Is­ra­fil Ku­ra­laý, «Boz­dag Film» ki­no­kom­pa­ni­ýa­sy­nyň esas­lan­dy­ry­jy­sy Meh­met Boz­dag, türk ki­no ýyl­dyz­la­ry Bu­rak Öz­çi­wit, Öz­jan Çag­ry Şen­soý, Fa­tih Aý­han, Ýi­git Uçan, Mu­rat Bon­juk­çu, «Mon­de et Me­dia» fran­suz kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ar­tis­ti Eduar Mon­tut hem-de prod­ýu­se­ri Žan-Ma­ri La­ronz bar. Olar ýur­du­myz­da bo­lup, türk­men hal­ky­nyň myh­man­sö­ýer­li­gi bi­len gar­şy­lan­dy­lar.
Ýur­du­my­zyň ki­no sun­ga­ty hem bu fes­ti­wal­da my­na­syp we­kil­çi­lik et­di. Oguz­han adyn­da­ky «Türk­men­film» bir­le­şi­gi­niň «Gy­zyl kür­te», «Wa­da», «Da­ragt», «Ýaş­lar», «Kä­mil­li­ge ýol» at­ly film­le­ri köp san­ly to­ma­şa­çy­la­ryň söý­gü­si­ni ga­zan­dy.
Fes­ti­wal­da Ga­za­gys­ta­nyň «Go­puz», Tä­ji­gis­ta­nyň «Sa­ry çeş­me», Türk­me­nis­ta­nyň «Toý köý­nek», «Umyt», «Ne­si­be», Öz­be­gis­ta­nyň «Üzüm», «Me­niň ar­zu­wym Öz­be­gis­tan», Gyr­gy­zys­ta­nyň «Umut», «Öz ka­ka­sy­nyň og­ly», «Poç­ta­çy», Rus­si­ýa­nyň «Ahal­te­ke» at­ly film­le­ri, şeý­le hem TRT te­le­ýaý­ly­my­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky we­kil­ha­na­sy, Tür­ki­ýä­niň «Boz­dag Group» kom­pa­ni­ýa­sy dip­lom­la­ra, gym­mat ba­ha­ly sow­gat­la­ra my­na­syp bol­dy.

Bi­lal ME­RE­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň In­že­ner-teh­ni­ki we ulag kom­mu­ni­ka­si­ýa­la­ry ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.