10-njy awgustda hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si ge­çi­ril­di. On­da döw­let dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ne hem-de kä­bir res­mi­na­ma­la­ryň tas­la­ma­la­ry­na ga­ral­dy. Mil­li Li­de­ri­miz mej­li­siň gün ter­ti­bin­dä­ki me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şyp, olar bi­len bag­la­ny­şyk­ly bir­nä­çe çöz­güt­le­ri ka­bul et­di. Döw­let býu­je­ti­niň se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­li­ýe­leş­di­ril­ýän sarp edi­ji­le­riň ho­ja­lyk ze­rur­lyk­la­ry üçin ha­ryt­lar bi­len üp­jün ed­ýän dü­züm­le­ri bäs­le­şik esa­syn­da saý­lap al­mak bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra bäs­le­şik to­pa­ry­ny dö­ret­mek ha­kyn­da Ka­ra­ra gol çe­kil­di.
Mej­li­siň çä­gin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry gö­zeg­çi­lik ed­ýän dü­züm­le­ri­niň işi­ni mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça de­giş­li mak­sat­na­ma­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň çäk­le­rin­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.

GO­ŞA BAÝ­RAM­ÇY­LY­GA BAR­ÝA­RYS
Türk­men hal­ky 17-nji aw­gust­da go­şa baý­ra­my bel­läp ge­çer. Şol gün ýur­du­myz bo­ýun­ça türk­men ga­wu­ny­nyň gü­ni hem-de Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na 30 gü­nüň gal­ma­gy my­na­sy­bet­li baý­ram­çy­lyk çä­re­le­ri ýaý­baň­lan­dy­ry­lar. Da­ba­ra­la­ryň çäk­le­rin­de Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­tin­de “Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň bak­ja­çy­ly­gy­ny ös­dür­mek­de ýe­ti­len sep­git­ler” at­ly yl­my-önüm­çi­lik mas­la­ha­ty ge­çi­ri­ler.
Paý­tag­ty­myz­da­ky Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän ga­wun­la­ryň, gar­pyz­la­ryň we kä­di­le­riň naý­ba­şy gör­nüş­le­ri­niň hem-de bak­ja önüm­le­rin­den we dür­li gör­nüş­li mi­we­ler­den taý­ýar­la­nan önüm­le­riň ser­gi­si gu­ra­lar.

ÝA­ŞA­ÝYŞ JAÝ GUR­LU­ŞY­GY
DO­WAM ET­DI­RIL­ÝÄR
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Aba­dan et­ra­by­nyň çä­gin­de Se­na­gat mi­nistr­li­gi­ne de­giş­li ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­niň çäk­le­rin­de dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň tas­la­ma­sy hö­dür­len­di. Iri pa­nel­li dört gat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň 30-sy­ny gur­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Olar 16 we 32 öý­li jaý­lar­dan, al­ty sa­ny iki gat­ly söw­da dü­kan­la­ryn­dan we 160 orun­lyk ça­ga­lar ba­gyn­dan yba­rat bo­lar.

TÜRK­MEN-HIN­DI
GAT­NA­ŞYK­LA­RY BER­KE­ÝÄR
Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de şu ýy­lyň 14-nji aw­gus­tyn­da Hin­dis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Nýu-De­li şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek Söw­da, yk­dy­sa­dy, yl­my we teh­no­lo­gik hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra türk­men-hin­di to­pa­ry­nyň al­tyn­jy mej­li­si­ni ge­çir­mä­ge gö­rül­ýän taý­ýar­lyk ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Hä­zir­ki wag­ta çen­li bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň mej­lis­le­ri­niň bä­şi­si ge­çi­ril­di. To­pa­ryň işi ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hem-de dür­li pu­dak­lar­da hyz­mat­daş­ly­gyň ägirt uly kuw­wa­tyn­dan ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Öňü­miz­dä­ki du­şu­şy­gyň gün ter­ti­bi­ne söw­da-yk­dy­sa­dy, ulag-ara­gat­na­şyk, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka ul­gam­la­ryn­da, hi­mi­ýa, der­man se­na­ga­tyn­da, ma­ýa go­ýum, işe­wür gat­na­şyk­lar, öň­de­ba­ry­jy mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry hem-de yn­san­per­wer ul­gam­la­ryn­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de ös­dür­mä­ge de­giş­li me­se­le­le­riň en­çe­me­si gi­ri­zi­ler.
Mö­hüm se­bit we hal­ka­ra äh­mi­ýe­ti­ne eýe bo­lan Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak ba­ra­da­ky tas­la­ma­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­di. Hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry ba­bat­da ulag ul­ga­my hem türk­men-hin­di hyz­mat­daş­ly­gy­nyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, iki ýur­duň we se­bi­tiň beý­le­ki döw­let­le­ri­niň iri de­ňiz port­la­ry­nyň kuw­wa­tyn­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly “De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta” trans­mil­li ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­niň tas­la­ma­sy bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne hem-de ho­wa ula­gy, hu­su­san-da, ýük­le­ri da­şa­mak ug­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­me­giň gel­je­gi­ne ga­ra­lar.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, iki­ta­rap­la­ýyn ylym-bi­lim we me­de­ni gat­na­şyk­la­ry mun­dan beý­läk-de çuň­laş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip, ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lar. Hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň mej­li­si­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça de­giş­li Tes­wir­na­ma gol çek­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.

ÝOL HE­RE­KE­TI­NIŇ HOWP­SUZ­LY­GY –
ÖM­RÜ­MI­ZIŇ RA­HAT­LY­GY
Mej­li­siň çäk­le­rin­de 1-30-njy sent­ýabr ara­ly­gyn­da “Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy – öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy” at­ly bi­raý­ly­gyň ge­çi­ril­me­gi­ne gö­rül­ýän taý­ýar­lyk çä­re­le­ri ba­ra­da aý­dyl­dy. Ge­çi­ril­me­gi dä­be öw­rü­len bu çä­rä­niň de­giş­li me­ýil­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, paý­tag­ty­my­zyň we ýur­du­my­zyň äh­li we­la­ýat­la­ryn­da, şol san­da okuw mek­dep­le­rin­de hem-de mek­de­be çen­li ýaş­ly ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da dür­li dü­şün­di­riş-wa­gyz hä­si­ýet­li çä­re­ler, mas­la­hat­lar, ýö­ri­te bäs­le­şik­ler we beý­le­ki­ler ge­çi­ri­ler. Bu çä­re­ler ýol-ulag ha­dy­sa­la­ry­nyň öňü­niň alyn­ma­gy­na, ýol he­re­ke­ti­ne gat­na­şy­jy­la­ryň äh­li­si­niň – sü­rü­ji­le­riň hem, py­ýa­da­la­ryň hem bel­le­nen ka­da­la­ry berk ber­jaý et­me­gi­niň ze­rur­dy­gy­ny dü­şün­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.

MER­DA­NA SER­HET­ÇI­LE­RIŇ
BAÝ­RA­MY
Mej­li­siň bar­şyn­da her ýy­lyň 11-nji aw­gus­tyn­da ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Ser­het­çi­ler gü­ni my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da-da aý­dy­lyp ge­çil­di. Mil­li Li­de­ri­miz mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň mu­kad­des çäk­le­ri­niň asu­da­ly­gy­nyň go­ra­gyn­da dur­ýan mer­da­na ser­het­çi­le­ri­ni Ser­het go­şun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 25 ýyl­ly­gy hem-de Ser­het­çi­ler gü­ni bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Wa­ta­na we har­by ka­sa­ma we­pa­ly ser­het­çi­le­riň şöh­rat­ly pe­der­le­ri­mi­ziň wa­tan­sö­ýü­ji­lik, eder­men­lik, yn­san­per­wer­lik ýa­ly asyl­ly ýö­rel­ge­le­ri my­na­syp do­wam ed­ýän­dik­le­ri­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.

“AŞ­GA­BAT 2017” OÝUN­LA­RY­NA
MY­NA­SYP SOW­GAT
Mej­li­siň do­wa­myn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi ban­ky­nyň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry my­na­sy­bet­li her haý­sy­sy­nyň no­mi­na­ly 100 ma­na­da deň bo­lan al­tyn we kü­müş şa­ýy pul­la­ryn­dan dur­ýan ýa­dy­gär­lik şa­ýy pul­lar top­lu­my­ny çy­ka­ran­dy­gy ba­ra­da ha­bar be­ril­di we ola­ryň nus­ga­la­ry gör­ke­zil­di.
Şa­ýy pul­la­ryň iki­si­niň hem ýüz ta­ra­py­nyň mer­ke­zin­de öňü­miz­dä­ki Oýun­la­ryň ny­şa­ny­nyň şe­ki­li ýer­leş­di­ril­di. Ny­şa­nyň aşa­ky sag bö­le­gin­de “Türk­me­nis­tan Aş­ga­bat 2017” diý­len fi­lig­ran ýaz­gy­sy, ny­şa­nyň sag ta­ra­py bo­ýun­ça “5th Asian In­do­or & Mar­ti­al Arts Ga­mes” diý­len ýaz­gy şe­kil­len­di­ri­len­dir. Pul­la­ryň ýüz ta­ra­py­nyň ýo­kar­ky bö­le­gin­de aý­law bi­len “Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry” diý­len ýaz­gy, aşa­ky bö­le­gin­de bol­sa “Aş­ga­bat 2017” diý­len ýaz­gy ýer­leş­di­ril­di.
Şa­ýy pul­la­ryň ar­ka ta­ra­py­nyň mer­ke­zi bö­le­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let tug­ra­sy ýer­leş­di­ri­lip, onuň da­şyn­dan pu­luň ýo­kar­ky bö­le­gin­de aý­law bi­len “TÜRK­ME­NIS­TA­NYŇ MER­KE­ZI BAN­KY” diý­len ýaz­gy, aşa­ky bö­le­gin­de şa­ýy pu­luň no­mi­na­ly­ny gör­kez­ýän “ÝÜZ MA­NAT” diý­len ýaz­gy şe­kil­len­di­ri­len. Ýaz­gy­nyň çep ta­ra­pyn­da şa­ýy pu­luň mä­he­gi (al­tyn pu­lun­da Au 916,7, kü­müş pu­lun­da Ag 925), sag ta­ra­pyn­da ag­ra­my (al­tyn pu­lun­da 39,94 gr, kü­müş­de 28,28 gr) gör­ke­zi­len. Ýaz­gy­lar öz ara­la­ryn­da se­kiz­burç­ly ýyl­dyz gör­nü­şin­dä­ki şe­kil­ler bi­len bö­lü­nen. Şa­ýy pul­la­ryň dia­met­ri 38,61 mm.