Te­bi­gat­da bo­lup geç­ýän ha­dy­sa­lar ir­ki dö­wür­le­r­den bä­ri adam­la­ryň ün­sü­ni özü­ne çe­kip­dir. Haý­sy ha­dy­sa­nyň nä­dip ýü­ze çyk­ýan­dy­gy, nä­hi­li ýag­daý­da dö­re­ýän­di­gi hem­me­ler üçin gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Şeý­le te­bi­gy ha­dy­sa­la­ryň bi­ri hem gök güm­mür­di­si­dir.
Bu ha­dy­sa ho­wa­nyň ma­ýyl we çyg­ly wag­ty ýü­ze çyk­ýar. Gar ýag­ýar­ka ýa-da ho­wa­nyň so­wuk gün­le­ri gök güm­mür­de­me­gi, ýyl­dy­rym çak­ma­gy ýa­ly ha­dy­sa­lar bol­ma­ýar.
Ýyl­dy­ry­myň gyz­gyn­ly­gy 30 müň de­re­jä çen­li ýet­ýär. Bu gyz­gyn­lyk Gü­nüň ýü­zün­dä­ki­den üç es­se ýo­ka­ry diý­me­kdir. Bu ýag­daý se­kun­dyň mil­li­on­dan bi­ri ýa­ly wagt­da bo­lup geç­ýär. Ho­wa­da dö­rän elekt­rik ener­gi­ýa­sy ýyl­dy­ry­my eme­le ge­ti­rip, bir­den şa­ha-şa­ha şöh­le­ler peý­da bol­ýar. Gök güm­mür­di­si ýyl­dy­ry­myň tö­we­re­gin­dä­ki ho­wa­ny gys­ga wagt­da gys­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýän tol­kun­lar­dyr. Şeý­le gys­ga wagt­da ho­wa gyz­mak bi­len bir­den gi­ňel­ýär. Gi­ňe­len ho­wa ada­ty at­mos­fe­ra ba­sy­şyn­dan
100 es­se ýo­ka­ry ba­syş bi­len ses tiz­li­gin­den has çalt tol­kun­la­ry ýaý­ra­dyp baş­la­ýar. Bu tol­kun­lar uly gop­gun dö­red­ýär.
Yz­ly-yzy­na ýyl­dy­rym ça­ka­n­da, bi­rin­ji ýyl­dy­ry­myň ener­gi­ýa­sy ikin­jiň­ki­den köp bol­ýar. Emma ikin­ji ge­zek ça­kan ýyl­dy­rym has köp ses ed­ýär. Üns be­ren bol­sa­ňyz, gök güm­mür­di­si ýyl­dy­rym çak­ma­gyn­dan sä­hel­çe soň eşi­dil­ýär. Onuň se­bä­bi bol­sa, şöh­lä­niň tiz­li­gi­niň se­siň tiz­li­gin­den ýo­ka­ry bol­ma­gy­dyr. Adat­ça, gök güm­mür­di­si 24 ki­lo­metr uzak­lyk­dan eşi­dil­ýär.