20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanyny döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler içerki bazaryň üpjünçiligini artdyrmak bilen birlikde, daşary ýurt bazarlarynda-da barha uly orun alýar. “Türkmenistanyň 2021—2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna” laýyklykda, milli söwda nyşanly täze harytlary öndürmek hem-de olary dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça wezipeler göz öňünde tutuldy.
Wise-premýer “Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020—2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna” laýyklykda, “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşanyny döretmek boýunça çäreleri durmuşa geçirmegiň meýilleşdirilendigini habar berdi. Türkmenistan halkara jemgyýetçilikde “Türkmenistanda öndürilen” milli haryt nyşany bilen ýokary hilli harytlary öndürmek we hyzmatlary amala aşyrmak ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde tanalýar. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä bazarynda abraýyny artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we maýa goýumlary çekmäge oňyn täsir edýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna zerur taýýarlyk işlerini guramak boýunça degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekili babatda teklipleri jemlemek we saýlap almak boýunça pudagara iş toparyny döretmek baradaky teklibi makullady hem-de ol işlenip taýýarlanylanda, halkymyzyň milli aýratynlyklarynyň, häzirki zaman marketing usullarynyň göz öňünde tutulmalydygyny aýdyp, wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.