20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän ulgamlaryndaky işleriň ýagdaýy, hususan-da, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi tarapyndan “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022—2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, Aşgabat—Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemegiň meýilleşdirilendigi barada habar berildi. Onuň ugry boýunça häzirki döwrüň talaplaryna we halkara ölçeglere laýyk gelýän sil-suw akabasyny hem-de demir ýoluň üstünden geçýän täze awtomobil köprülerini gurmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga, ýolagçy, ýük gatnawlarynyň howpsuz hem-de sazlaşykly hereketini üpjün etmäge ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat—Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň 47-nji kilometrinde ýerleşýän sil-suw akabasyny, şeýle hem demir ýoluň üstünden geçýän awtomobil köprülerini gurmak baradaky teklibi makullady we wise-premýere degişli işleri geçirmegi, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hilli bolmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.