Türkmeniň çogly güneşe baý topragynda bitýän baldan datly ir-iýmişleri sanardan köpdür. Alma, üzüm, erik, nar, injir, armyt, şetdaly, ülje, hurma… bu sanawy näçe uzaltsaň, uzaldyp oturmaly. Şeýle ekinleriň naýbaşylarynyň hatarynda türkmeniň küpürsäp ýatan topragynda bolluk bilen bitýän gawunlary görkezmek bolar. Şu ýyl halkymyz hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen dünýäde süýjülikde deňi-taýy bolmadyk Türkmen gawunynyň gününi gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galan güni – 17-nji awgustda baýram eder.
Taryhy maglumatlar bizi türkmen gawunynyň şöhratly sahypalaryna tarap alyp gidýär. Şeýle ýazgylarda beýan edilişine görä, türkmen gawunlary özüniň datlylygy, jana şypa berijiligi bilen daş ülkelerde hem meşhur bolupdyr. Mysal üçin, VIII-IX asyrlarda Merw gawunlaryny ýa-da olaryň kakyny, lukma hökmünde arap halyfatlarynyň köşgüne äkider ekenler. Gadymy Köneürgenjiň mes toprakly meýdanlarynda ýetişdirilen gawunlar bolsa, Hindistan ýaly uzak ýurtlara-da äkidilipdir. Akademik M.E.Massonyň bellemegine görä, şeýle gawunlar Bagdatda 150 tylla ýa-da 700 kümüş pula satylypdyr.
Gadymy döwürlerde ýyly güneşli, guraksy howaly, gataňsy toprakly, tenekar suwly şertlerde gawunlar suwarymly, sürümli, ýarym düme, düme, oýtak we sowma usullarda ýetişdirilipdir. Olaryň içinde has ir bişýänlerem, gijiräk ýetişýänlerem bolupdyr. Aralyk möhletde ýetişýän, terliginden ýaňa paçagyna sygman, darka-darka ýarylýan waharman gawunlaram bar. Galyň paçakly, dykyz etli, uzak möhletde saklanmaga ukyply gawunlarymyza, esasan, daş ülkelerde hyrydar köpelipdir. Uzak ýurtlardan gelýän täjirler öňi bilen şeýle gawunlara hyrydar çykypdyrlar. Olar gawunlary gurşun kagyzlaryna dolap, uzak ülkeleri aşyp, öz ýurtlaryna alyp gidipdirler. Gadymy döwürlerde şalardyr hanlaryň toýly-dabaraly desterhanyny hem datly türkmen gawunlary bezäpdir.
Ylmy barlaglar gawunlaryň ýürek-damar kesellerini, aşgazany, böwrek kesellerini bejermekde uly ähmiýete eýedigini ýüze çykarypdyr. Düzüminde belok, uglewod, limon turşusy, alma kislotasy, magniý, fosfor, hlor, marganes, demir, mis ýaly elementleriň bolmagy gawunlarymyzyň ynsan saglygyna ýaramlydygyny äşgär edýär.
Ýokary ösüşlere beslenýän ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, gök we bakja ekinleriniň bolçulygyny döretmekde uly işler alnyp barylýar. Gawunlaryň gadymy nusgalaryny dikeltmek, olaryň täze sortlaryny döretmek şu günki günüň derwaýys meseleleriniň biri bolup durýar. Welaýatlarymyzda gawun-garpyzlaryň aýratyn nusgalary, täze döredilen sortlary boýunça bäsleşikleri geçirmek, bu ugurda täze oýlap tapyşlara giň ýol açmak işleri üstünlikli dowam edýär. Bu ugurda ýurdumyzda uly tejribe gazanan lebaply bakjaçy Ömürguly Ahmedowyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabyndan Durdy Nepesowyň, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndan Allamyrat Otuzowyň, Durdymyrat Meredowyň, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinden Atda Gurbangeldiýewiň, Mary welaýatynyň Murgap etrabyndan Injir Berdinyýazowyň ylmy-döredijilik we oýlap tapyjylyk işleri durmuşa ornaşdyrylýar.
Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ekine ýaramly ýerleriň çägini giňeltmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Bu babatda “Altyn asyr” Türkmen kölüni ýatlamak bolar. Gyzgyn Garagumy lälezarlyga öwren bu emeli kölüň işe girizilmegi netijesinde, ýurdumyzda ekine ýaramly ýerleriň çägi görnetin giňeldi. Munuň özi pagtaçylyk bilen bir hatarda, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmäge hem uly mümkinçilik döretdi. Häzirki wagtda gyzgyn topragyň süňňüne-süýegine dirilik çeşmesi bolup ýaýran kölüň dürli çäklerinde ekerançylygy ýola goýmakda netijeli zähmet joş urýar. Munuň özi ýakyn geljekde bu künjekde gadymy Köneürgenç gawunlarynyň ýetişdiriljekdigine uly ynam döredýär.
Mälim bolşy ýaly, Mary topragynyň Hanhowuz düzlügi ýurdumyzda dürli ekinleriň bolluk bilen ýetişýän mekany hökmünde tanalýar. Garagum we Tejen derýalarynyň bol suwy bu künjegi gülzarlyga öwürmäge ýardam edýär. Häzirki döwürde Hanhowuzda iň tagamly gawunlaryň dürli görnüşleri ýetişdirilýär. Altyn sähra etrabynyň döredilmegi bilen bu künjegiň hasyllylygy has-da artdy. Şeýle mysallary gadymy Daşoguzyň Şasenem, Lebabyň Düýeboýun, Balkanyň Uzboý giňişligi, Ahal welaýatynyň Gäwers düzlükleri babatda-da getirmek mümkin. Mahlasy, soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen türkmen topragynyň hasyllylyga ýaramly ýerleriniň çägi barha giňeýär. “Döwlet adam üçindir!” diýen belent ýörelgeden gözbaş alýan bu işleriň hemmesi halkymyzyň döwletliliginiň artmagyna, ýaşaýyş durmuşynyň has-da ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Bu günki gün zähmetkeş babadaýhanlarymyzyň zähmeti bilen ýetişdirilýän baldan datly türkmen gawunlary türkmen desterhanyny bezeýär. Munuň özi halkymyzyň rysgal-döwletliliginiň nyşanydyr.
Bu işleriň sakasynda duran eziz Arkadagymyza babadaýhanlarymyzyň, ähli halkymyzyň buýsanjy, guwanjy çäksizdir!
Maýa MEREDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.