Italiýanyň L’Akuila uniwersitetiniň işgärleri gara şokoladyň her günde peýdalanylmagynyň uky ýetmezçiliginiň ters täsiriniň netijeleriniň öňüni alýandygyny ýüze çykardylar. Hünärmenler gara şokoladyň gijeki nobatda işleýänleri ýadawlykdan halas edýändigini anykladylar. Alymlaryň aýtmagyna görä, ähli syrlar gara şokoladyň düzümindäki flawonoidlerde – antioksidantlarda jemlenýär.
Alymlar özleriniň açyşynyň hat-ýazuw işleri bilen meşgul bolýan we ukusyzlykdan kösenýän adamlara ýardam berer diýip, umyt edýärler. Gara şokolad iýilenden soň, kognitiw (akyl ýetiriş) bozulmasy bolan gartaşan adamlaryň arasynda has oňaýly netijeler ýüze çykaryldy. Flawonoidleriň saýasynda gartaşan meýletinçileriň ünsi, ýatkeşligi gowulandy, maglumatlary gaýtadan işlemek tizligi, sözleýşiniň çaltlygy ýokarlandy.
Mundan ozal, Kaliforniýa uniwersitetiniň barlag geçirijileri garry syçanlarda barlag geçirdiler. Tejribe edilýän haýwanlar iki hepdäniň dowamynda epikatehin flawonoidlerini aldylar. Barlaglaryň netijesinde, gemrijileriň okislenme stresiniň hem-de nerw dokumalarynyň sowuklamasynyň derejesiniň pese düşendigi belli bolupdyr. Şeýle hem birleşmäniň kömegi bilen syçanlaryň ýady gowulaşypdyr. Şonuň ýaly hem epikatehin gemrijileri ynjalyksyzlykdan halas edipdir. Amerikan alymlarynyň iň soňky geçiren barlaglarynda bolsa, şokoladyň içegelerdäki sowuklama howpunyň ösüşini pese düşürýändigi belli bolupdyr.