Kanzas uniwersitetiniň alymlary (ABŞ) süýdüň adam bedenine, esasan hem, beýniniň işine peýdasy baradaky geçiren barlaglarynyň netijelerini mälim etdiler. Barlaga 50 ýaşdan uly onlarça meýletinçi çekilipdir. Ähli gatnaşyjylar barlag başlamazdan öň we soň MRT barlagyndan geçip, ondan soň, meseläni berjaý etmäge girişipdirler. Ol onçakly çylşyrymly bolmandyr: her günde belli bir wagt aralygynda bir bulgur süýt içipdirler.
Barlag tamamlanandan soňra, MRT-niň netijelerine görä, iýmit sanawynda hemişe süýt bolanlaryň beýni gan aýlanyşynyň, şeýle hem, umumy arterial basyşynyň kadalydygy we käbir halatlarda hem IQ derejesiniň ýokarlanandygy belli bolupdyr. Bulardan başga alymlar süýt önümleriniň düzümindäki glutationyň alsgeýmera we parkinson ýaly keselleriň ösüşiniň öňüni alýandygyny käbir alamatlar arkaly anyklamagy başardylar. Alym-dietologlar barlagyň netijelerine esaslanyp, hemmelere iýmit sanawyna, iň bolmanda, günde bir bulgur süýt girizmegi teklip edýärler. Bu esasan hem, uly ýaşlylara degişli.