Ozal ha­bar ber­şi­miz ýa­ly, 20-nji okt­ýabr­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz san­ly ul­gam ar­ka­ly no­bat­da­ky Hö­kü­met mej­li­si­ni ge­çir­di.
Mej­li­siň bar­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny, Gün­do­ga­ryň be­ýik akyl­da­ry we nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny, mäh­ri­ban Wa­ta­ny­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan il-ýurt bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri, ag­zy­bir hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar, pa­ra­hat we aba­dan dur­mu­şy­ny, mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­zy, wa­tan­sö­ýü­ji­lik, ag­zy­bir­lik, ha­lal­lyk, yn­san­per­wer­lik ýa­ly ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi kä­mil eser­le­riň üs­ti bi­len be­ýan ed­ýän, türk­men me­de­ni­ýe­ti­ni, sun­ga­ty­ny, ede­bi­ýa­ty­ny ös­dür­mä­ge uly go­şant goş­ýan ze­hin­li dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­ni ýü­ze çy­kar­mak, ola­ryň iň us­sat­la­ry­ny saý­lap-seç­mek hem-de hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “Ede­bi­ýat, me­de­ni­ýet we sun­gat iş­gär­le­ri­niň, hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň hem-de ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň “Türk­me­niň Al­tyn asy­ry” at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­gi yg­lan et­mek ha­kyn­da” Ka­ra­ra gol çek­di. Res­mi­na­ma la­ýyk­lyk­da, bäs­le­şi­ge hö­wes bil­di­ren da­şa­ry ýurt ra­ýat­la­ry hem gat­na­şyp bi­ler­ler. Bu bäs­le­şi­giň ýe­ňi­ji­le­ri bel­le­ni­len ugur­lar bo­ýun­ça kes­git­le­ner. Şeý­le hem bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de dö­re­di­ji­lik bi­len meş­gul­lan­ýan ýaş­la­ryň ara­syn­da “Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy” at­ly bäs­le­şi­gi, hö­wes­jeň aý­dym­çy ýaş­la­ryň “Ýaň­lan, Di­ýa­rym!” te­le­bäs­le­şi­gi hem-de du­tar­çy bag­şy-sa­zan­da­la­ryň ara­syn­da “Çal­sa­na, bag­şy!” bäs­le­şi­gi, ze­hin­li ça­ga­la­ryň ara­syn­da “Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri” bäs­le­şi­gi yg­lan edil­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Ka­ra­ry “Ede­bi­ýat we sun­gat” ga­ze­tin­de do­lu­ly­gy­na çap edil­ýär.
Hö­kü­met mej­li­si­niň bar­şyn­da wi­se-prem­ýer M.Mäm­me­do­wa­nyň ha­sa­ba­tyn­da bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly bäs­le­şi­gi­ni, ýur­duň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li, 2024-nji ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da jem­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» at­ly baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň mil­li me­de­ni­ýe­ti ös­dür­mek­de, me­de­ni mi­ra­sy öw­ren­mek­de, ýaş ze­hin­le­ri ýü­ze çy­kar­mak­da, kä­mil eser­le­riň dö­re­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz wi­se-prem­ýer M.Mäm­me­do­wa bäs­le­şi­gi ýo­ka­ry de­re­je­de we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek üçin äh­li ze­rur çä­re­le­ri gör­me­gi tab­şyr­dy.