23-24-nji oktýabrda ABŞ-nyň Albukerke şäherinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky Medeniýet günleri geçiriler. Çärä Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň, «Türkmen owazy» teleýaýlymynyň, muzeý we kitaphananyň işgärleri, drama teatrlaryň artistleri, aýdymçylar we «Dokmaçylar», «Aşgabat», «Ahal öwüşginleri» tans, folklor we etnografik toparlary gatnaşar.
Medeni çäräniň dowamynda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň konsertleri geçiriler. Bu çärede amerikan tomaşaçylaryna türkmen halkynyň özboluşly medeniýeti we däp-dessurlary görkeziler, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň sergileri guralar, lybaslar we halylar, neşir önümleri görkeziler, türkmen-amerikan medeni duşuşyklary geçiriler.
Albukerke şäherinde ýerleşýän Nýu-Meksiko uniwersitetinde beýik şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçiriler. Onda Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde alnyp barylýan ylmy gözlegler, halkara derejesindäki baýramçylyga görülýän uly taýýarlyklar barada gürrüň ediler.
Ýeri gelende belläp geçsek şeýle çäräniň on ýyl mundan ozal, Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygyny mynasybetli Albukerke şäherinde geçirilendigini bellemelidiris.