Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Gutlagda hususanda şeýle sözler bar: Türkmenistan häzirki wagtda «mawy ýangyjy» Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy ýaly döwletlere eksport edýär. Türkmen tebigy gazyny Aziýanyň günorta-gündogaryna eltjek, sebitiň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler bardyr. Bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňaýly täsirini ýetirer. Hazarüsti gaz geçirijisi hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa döwletlerine çykarmakda geljegi uly iri taslamalaryň hatarynda durýar.
27-nji oktýabra çenli dowam edýän foruma gatnaşmaga daşary ýurt kompaniýalarynyň, halkara maliýe düzümleriniň köp sanly wekilleri, ýurdumyzyň hem-de Türkmenistanda işleýän daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri geldiler.