25-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen bolan söhbetdeşliginde ozaldan gelýän ikitaraplaýyn dost-doganlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi.
Diplomat döwlet Baştutanymyzyň saparynyň üstünlikli bolmagyny arzuw etdi we geçiriljek gepleşikleriň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm waka boljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hasaplanýan Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur.
Şu gezekki sapara görlen taýýarlyk işleriniň 20-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolandygyny bellemek gerek. Onda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biridigi kanagatlanma bilen nygtaldy. Soňky ýyllarda gol çekilen döwletara, hökümetara hem-de pudagara resminamalar toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadyny emele getirdi.
Türkmen-türk dialogynyň netijeli guraly köp babatda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşyklary ösdürmäge berýän aýratyn ünsi bilen şertlendirilip, özara saparlaryň işjeň häsiýete eýe bolmagy Türkmenistanyň we Türkiýäniň köpugurly hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tagallalarynyň özboluşly görkezijisi bolup çykyş edýär.
Soňky 30 ýylyň dowamynda doganlyk Türkiýäniň işewür toparlary daşary ýurtly hyzmatdaşlar we maýadarlar üçin özüne çekijiligi bilen tapawutlanýan türkmen bazarynda özlerini ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdiler. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülýän, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen iri maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň esasy bölegini Türkiýäniň işewürlik düzümleri düzýär.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde bilelikdäki hökümetara topara aýratyn orun degişlidir. Toparyň işi hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly kuwwatyny doly derejede durmuşa geçirmäge gönükdirilendir. Iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň işewürlik maslahatlaryna, pudaklaýyn sergilere gatnaşmagy netijeli işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de diwersifikasiýalaşdyrmaga ýardam berýär.
Şu gezekki saparyň çäklerinde 26-njy oktýabrda guraljak Türkmen-türk işewürlik maslahaty özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmäge gönükdirilendir. Forumyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşar.
Umuman, döwlet Baştutanymyzyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary we öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyk däp bolan gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolmak bilen, iki ýurduň döwlet ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipelerini hasaba almak arkaly özara gyzyklanmalaryň çägini giňeltmek, has netijeli we döwrüň talap edýän görnüşlerini, gurallaryny gözlemek hem-de durmuşa geçirmek esasynda onuň üstüni ýetirmek işinde-de wajyp ähmiýete eýedir.
…Birnäçe sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Türkiýe Respublikasynyň paýtagtynyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen «Esenboga» Halkara howa menziline gondy.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, beýleki resmi adamlar, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň köp sanly wekilleri garşyladylar.
Asylly myhmansöýerlik däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy. Belent mertebeli myhmanyň hormatyna uçaryň ýanynda düşelen haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi.
Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen bolan söhbetdeşliginiň dowamynda giň gerimli ugurlar boýunça ösdürilýän türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz howa menzilinden resmi sapary mahalynda özi üçin niýetlenen döwlet kabulhanasyna ugrady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi sapary dowam edýär.