Ozal habar berşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 25-nji oktýabrda Türkiýä sapar bilen bardy. Döwlet Baştutanymyzyň resmi saparynyň çäklerinde, türkmen wekiliýetiniň düzüminde bolýan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary düýn «Anadolu» habarlar gullugynyň Baş müdirliginde gepleşikleri geçirdiler.
«Anadolu»-nyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýeti türk habarlar gullugynyň Global habarlar bölüminiň müdiri Faruk Tokat tarapyndan kabul edildi. Duşuşykda «Anadolu»-nyň taryhy, habarlary taýýarlamak tejribesi, žurnalistleriň iş tertibi we geljekki meýilnamalary barada maglumatlar berildi.
F.Tokat dünýädäki häzirkizaman özgerişleri nazara alyp, täze döredilen bölümleriň ähmiýetine ünsi çekdi we hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän habarlar agentlikleri bilen işleşmäge we tejribe alyşmaga hemişe taýýardygyny mälim etdi.
«Anadolu» habarlar gullugynyň bölüm müdiri Alptegin Jihangir türkmenistanly žurnalistleriň Türkiýede žurnalistika ugry boýunça bilim almak we ukyp-başarnygyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli häsiýete eýe boljakdygyny belledi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy M.Gazakbaýew žurnalistleriň ukyp-başarnygyny, bilim derejesini artdyrmakda türk kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň oňyn netije berjekdigini nygtady. Şeýle-de «Anadolu» habarlar gullugynyň Türkmenistanda, sebit ýurtlarynda we halkara habarlar giňişliginde uly abraýa hem-de ynama eýe bolandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, gazet-žurnallarda zähmet çekýän ýaş žurnalistleri taýýarlamakda «Anadolu» bilen işjeň gatnaşyklaryň alnyp baryljakdygyny we degişli ylalaşyklar boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýuljakdygyny belledi.
Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda özara gyzyklanma bildirilýän sowallar boýunça giňişleýin pikir alşyldy.