Türkiýede resmi saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň Ankarada ýerleşýän ýadygärligine gül goýdy. «Türkmenistan» seýilgähinde oturdylan bu ýadygärlik ussat şahyryň hormatyna 2012-nji ýylda bina edildi.
Gül goýmak çäresiniň geçiriljek ýerinde hormatly Prezidentimizi Türkiýäniň resmi wekilleri we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow gül dessesini goýmak bilen, Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň öňünde tagzym etdi. Şol pursatda ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary hem hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, bilelikde baş egdiler. Munuň özi geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek akyldar şahyra goýulýan belent hormatdan nyşandyr.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Ankaradaky Prezident köşgünde dabaraly ýagdaýda garşy alnar. Bu ýerde çäkli düzümde hem-de wekiliýetleriň arasynda gepleşikleriň geçirilmegine garaşylýar. Saparyň maksatnamasyna görä, gol çekişlik dabarasyndan soň Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki metbugat ýygnagy geçiriler, Prezident köşgünde resmi agşamlyk nahary berler.
Bu barada Türkiýäniň Prezidentiniň resmi saýtynda habar berilýär.