“H” toparçada Çempionlar Ligasynyň debýutanty “Antwerpen” topary öz meýdançasynda “Portony” kabul etdi. Duşuşykda ýer eýeleri Ýusufyň 37-nji minutynda goly bilen 1-0 öňe saýlandy. Ýöne 2-nji ýarymda “Porto” başgaça oýun görkezdi. 1-nji ýarymyň ahyrlarynda oýna giren braziliýaly hüjümçi Ewanilson het-trik edip, “Portonyň” ynamly ýeňiş gazanmagynda esasy roly oýnady. 4-1 hasabynda ýeňiş gazan “Portonyň” beýleki goluny Euştakiu geçirdi. 46-njy, 69-njy hem-de 84-nji minutlarda tapawutlanan 24 ýaşyndaky Ewanilson UÇL-de oýna soň girip het-trik eden 7-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy.