Türkmen tazylarynyň göwresi inçemik syrdamly, tumşugy inçejik, aýaklary uzyndan çeýe, gulagy gypyk, egrelip duran inçejik guýrugy bolýar. Türkmen tazylary gözleriniň ýitiligi we ys algyrlygy bilen tapawutlanýar. Olaryň ylgaw tizligi sagatda 70-75 kilometre barabar.
Türkmen tazylary daşary ýurtlarda – Russiýa Federasiýasynda, Belarusda, Gazagystanda, Germaniýada we Şwesiýada hem idedilýär. Irki döwürlerde, has takygy, 1927-nji ýylda Moskwa şäherinde “Moskwa awçylary” atly dördünji awçy itleriň sergisinde türkmen tazysy kümüş medala mynasyp bolýar. Şol sergide türkmen tazysy owadanlygy, düşbüligi, dogumlylygy, ys alyjylygy bilen dünýäni haýrana goýupdyr. Türkmen tazysy bu günki gün hem gadyr-gymmatyny ýitirenok. Awçy itleriň baý taryhy bolup, geçmişde tazylar howa şertine görä öýüň içinde saklanypdyr. Oňa maşgalanyň bir agzasy hökmünde garalypdyr. Türkmen tazylary bilen aw etmekligiň aýratynlyklary dogrysynda ilat arasynda “Tazysyz awa gitseň, tilki tutmarsyň”, “Tazy güjikkä aw etmegi öwret” diýen ýaly dürli pähimler döräpdir.
Türkmen tazylary 14-15 ýyla çenli ýaşaýar. Itiň bu görnüşi 6 aýlykdan awa salnyp, 8-9 ýaşa çenli awçylara hyzmat etmegiň gizlin syrlary öwredilipdir. Tomsuň jöwzaly yssysynda olary düýe süýdi bilen iýmitlendirilmegi bolsa, olaryň ýyndamlygyny artdyrypdyr. Gyş paslynyň aýazly sowugynda it donlary bilen geýindirmek arkaly aşa sowukdan gorapdyrlar. Aw edilende nahary az mukdarda berip, awdan soň tä doýýançalar gaýnadylan et bilen naharlamaklary türkmen tazylarynyň awa bolan ukyplarynyň artmagyna getiripdir.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarmyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ata-babalarymyzdan miras gelýän awçylyk sungaty we türkmen tazylaryna bolan garaýyş köp babatda ösdürildi. Goý, şeýle işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ömürleri uzak bolsun, il ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn.
Çeper JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.