Ýer ýüzünde «ýaşaýan öýi» bilen tapawutlanýan janly-jandarlaryň birnäçesi duş gelýär. Göräýmäge guşlaryň hemmesi birmeňzeş höwürtge gurýan ýaly, ýyrtyjylaryň we gemrijileriň köpüsi hinlerde ýaşaýan ýaly. Ýöne aslynda bu beýle däl. Tebigatda «ussat gurluşykçylar» adyna eýe bolan janly-jandarlaryň birnäçesi bar. Geliň, olaryň käbiri bilen tanyş bolalyň!
«Vogelkop Bowerbird» höwürtgesi. Bu guşuň örän täsin «jaý gurmak» ukyby bar. «Vogelkop» bu guşuň ady bolup, lakamyndaky «bower» bölegi külbä meňzeş öý gurýandygy sebäpli dakylypdyr. «Bowerbird» külbä meňzeş öý gurýan guş diýmegi aňladýar. Bu guşlar çybyklardan külbä meňzeş öý gurýarlar. «Ussat gurluşykçylar» külbäniň girelgesini owadan ýapraklar, güller we ýalpyldawuk tomzaklar bilen bezeýärler. Külbäniň ululygy 100-150 santimetr töweregi bolýar. Bu guşlaryň horazy mäkiýanynyň göwnünden turmak üçin «öýüň girelgesini we howlyny» arassa saklamaga çalyşýar. Daş-töweregini haşal otlardan, gaçan ýapraklardan we çöp-çalamlardan arassalap gezýär.
Ary öýjügi. Arylar deňsiz-taýsyz gurluşyk ukybyna eýe bolan zähmetsöýer mör-möjekleriň biridir. Amerikaly matematik Tomas Heýls ary öýjükleriniň geometrik ölçeglere gabat gelýän iň gowy tebigy gurluşdygyny belleýär. Arylar az meýdanda altyburçluk öýleriň ýüzlerçesini gurmak arkaly iň amatly gurluşyk usulyny saýlap alypdyrlar. Arylar umumy perimetri ulanyp, öýlerini deň böleklere bölýärler.
Garynja şäheri. Garynjalar haýwanat dünýäsiniň işeňňir «öý gurujylary» hasaplanýar. Mör-möjegiň bu görnüşi uly depelerde, tekiz ýerde birnäçe metre uzaýan ýerasty öýleri gurýarlar. Tor ýaly çylşyrymly ýodalary bolan garynja şäheri oýulyp ýasalýar. Garynjalar gumy ölläp, ýodalary, öýleri we ammarlary ýasaýarlar. «Öýleriň ýykylmazlygy» üçin kömürturşy gazy bolan çygly toprakda gurluşyk işlerini geçirýärler. Garynjalar ýyly günlerde daşan dänedir azyk iýmitlerini ammarlara ýerleşdirýärler. Gyşyna «şäheriň» girelgesini ýapyp, ýaza çenli toplan iýmitleri bilen oňňut edýärler.
«Dokmaçylaryň umumy ýaşaýyş jaýy». Uzakdan seredeniňde «agaçdan ýapyşyp duran» ullakan bede üýşmegine meňzeýän bu höwürtgäni afrikaly «dokmaçylar» (philetairus socius) otlaryň baldagyndan gurýarlar. Höwürtgäniň esasy bölegini gurmak üçin agajyň gury şahalaryndan peýdalanýan bu guşlar höwürtgesini agajyň şahalap duran ýerinde, otaglaryň girelgesini aşak ýa-da gapdala bakdyryp ýasaýarlar. Her otagyň içini ýumşak bolar ýaly ownuk otlar, süýümler bilen örtýärler. «Dokmaçylaryň» her höwürtgesinde ýüzlerçe otag bolup, 400-e golaý guş ýaşaýar. Bu guşlaryň öý gurmakdaky esasy aýratynlygy höwürtgesini dokap, ýele çydamly görnüşde ýasamagydyr. Berkligi sebäpli «dokmaçylaryň» öýüniň üstünde köplenç ýyrtyjy guşlar höwürtge gurýarlar.
Möý kerebi. «Örümçiler» adyny alan möýleriň dünýäde 45 müňden gowrak görnüşi duş gelýär. Bularyň ählisi diýen ýaly ýaşajak öýüni kerepden örüp ýasaýarlar. Awstraliýada duş gelýän ýaprakly möý (phonognatha graeffei) öýüniň merkezinde guran ýaprak ýerleşdirýär. Bu möý guran ýapragyň içinde ýatyp, şol ýerde-de köpelýär. Möýler maýyşgaklygy, agram göterijiligi göz öňünde tutup, öý gurup bilýän ezber gurluşykçylardyr.
Samyr bendi. Gemrijileriň arasynda iň meşhur gurluşykçylar samyr hasaplanýar. Samyrlar «ýaşaýyş jaýyny» gurmak üçin suwuň üstünde bentleri gurýarlar. Bu gemrijiler bent döretmek üçin agajy gemrip ýykýarlar. Soňra agajy togalap getirip, suwuň üstünde keseligine berkidýärler. Akyp gelýän gyrmançalar, çöp-çalamlar wagtyň geçmegi bilen agaja ýapyşyp, suwuň öňüni böwetleýär. Şeýlelikde, samyrlaryň ýaşamagy üçin oňaýly bolan howuzly meýdança emele gelýär. Bu jandarlar sowukdan we ýyrtyjylardan goranmak üçin çöp-çalamdan ýasalan öýüniň daşyny palçyk bilen örtýärler. Samyrlar tebigatda iň gowy «agaç ussasy» hasaplanýar.
Asma höwürtge. «Montezuma oropendola» ady bilen tanalýan guşlar Merkezi Amerikadaky tokaýlyklarda täsin asma höwürtgeleri gurýarlar. Bu guşlar ýumurtgasyny maýmynlardan goramak maksady bilen höwürtgesini agaçlaryň baldagynyň ujunda asma görnüşinde ýasaýarlar. Höwürtgesiniň berk bolmagy üçin üzüm çybyklaryndan, çyrmaşyk otlaryň baldagyndan peýdalanýarlar.
Sarygarynja depeleri. Käbir sebitde tokaýlarda ýa-da düzlüklerde uly depelere duş gelinýär. Bu depeleriň beýikligi 3 metrden 5 metre çenli ýetýär. Sarygarynjalar agaçlary iýmek üçin ilki daşyna palçyk çalýarlar. Palçyk sarygarynjalary Gün şöhlesinden gorap, öýüň içinde salkyn howa şertini döretmäge mümkinçilik berýär. Mör-möjegiň bu görnüşi topar bolup ýaşap, depeleriň içinde basgançaklary, tunnelleri we suw geçirijilerini gurýarlar. Ýeriň aşaky böleginde otaglar we ammarlar ýerleşýär. «Ussat gurluşykçylar» depeleri ýörite döredýärler. Sarygarynjalar öz arasynda gözegçi, ýük daşaýjy we işçi garynjalar ýaly toparlara bölünýär.
Toýun höwürtge. Günorta amerikaly «gödek hornerolar» ýaşajak öýüni toýun palçykdan gurýarlar. Bu guşlar agajyň uly şahaly bölegine palçyk daşap, gümmez şekilinde jaý ýasaýarlar. Çyg gümmez Gün şöhlesine bişip, gaty gatlaga öwrülýär. Bu bolsa «gödek hornerolaryň» güýçli ýagyşdan, ýelden we ýyrtyjylardan goranmagyny üpjün edýär.