26-29-njy oktýabr aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «Tourism Expo Osaka 2023» atly halkara syýahatçylyk sergisinde Türkmenistanyň milli diwarlygy mynasyp orun aldy.
Sergide Türkmenistanyň milli syýahatçylyk pudagynda ýeten sepgitleri, syýahatçylyk ugurlary we bu ulgamda hödürlenýän hyzmatlar barada giňden görkezilýär. Şeýle hem daşary ýurt syýahatçylyk kärhanalary we sergä gatnaşyjylar türkmen halkynyň däp-dessurlary, milli baýramlary bilen tanyşdyrylýar.
Serginiň işine gatnaşýan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramow syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi barada belledi.
Syýahatçylyk ugrunda işjeň işleri alyp barýan «Aşgabat syýahat», «Aziýanyň merjeni», «Aýan», «Dag syýahat», «Durdynyýaz» we «Halkara syýahat» kärhanalary sergä gelýänlere öz mümkinçiliklerini hödürleýärler.
«Tourism Expo Japan 2023» halkara syýahatçylyk sergisi her ýylda Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi tarapyndan guralýar.